IÑ YGTYBARLY DOST.
Bir gezek Nejmeddin Kubranyñ ýanyna gelip,bir ýaş ýigit özüniñ dost tutunmakda ýalñyşýandygyny,nãhilli adamy dost tutunsa oñat boljakdygyny sorapdyr.
Kubra şonda kitap okap oturan eken. Ol kitaby sypapdyr-da:
- Iñ ygtybarly dost kitapdyr. Kitap oka, onsoñ ol saña durmuşda nãhilli adamy dost tutunmalydygyny salgy berer-diýip jogap beripdir.
TANAMAK
Bir gezek Jelaleddin Rumynyñ şãgirtleriniñ biri:
-Pylany meniñ gürrüñimi edipdir. Ýalançy,aýdan sõzünde derek yok-diýipdir.
Rumy:
-Sen şol adamyñ aýdyşy ýalymy?-diyip sorapdyr.
Şägirdi:
-Ýok,olar ýaly bolmakdan Alla saklasyn!-diýipdir.
Şonda Rumy:
-Gaharyñ gelmesin, ol adam saña ýene bir gezek özüñi tanamaga kömek edipdir-diýipdir.
NOKAT WE OTUR HAKYNDA
Bir ylymly adam owadan hat ýazýan şägirdine kitaby gõçürmegi tabşyrypdyr:
-Kitap gõçürmegem Sungatdyr, seniñ owadan hatyñ kitabyñ manysyna don geýdirer-diýipdir.
Şägirt bir gün kitaby göçürip bolandygyny aýdypdyr. Halypa:
-Sen ony bir laý barladyñmy?-diýipdir
Şägirt göçüren kitabynyñ dürslügini barlandygyny aýdypdyr. Halypa kitaby dogry göçürendigini barlamagy tabşyrypdyr. Şägirt yene bir gün kitaby barlandygyny aýdypdyr. Halypa:
-Nokat otutlaryny ýerli-ýerinde goýduñmy?-diýip sorapdyr.
Şägirt:
-Men şoña üns bermändirin-diýipdir.
Halypa:
-Eý,oglum, nokatdyr oturlary ýerli-ýerinde goý. Olar manynyñ öwüşgini,kitabyñ nurudyr-diýipdir.
Tymsallar
Täzelikler,
Oraztaganova_
tarapyndan
9-06-2021, 13:21