Ata göreldesi
Ata-eneleriň käbiri çagalaryny görelde bilen terbiýelemäge kembaha garaýarlar. Çaga terbiýesinde göreldäniň täsiriniň güýçlüdigini ünsden düşürýärler.
Perzent terbiýesinde atanyň göreldesi has ýokarydyr. Ol çaganyň pikirini, hyýalyny, erkinligini, düşünjesini, hyjuwyny, isleg-arzuwyny düzgün-tertipli ýola goýmaga ukyply güýç hasaplanýar.
Çaganyň gylyk-häsiýetiniň köpüsi atadan geçýär. Onda atasyna meňzemek, her bir hereketinden, edim-gylymyndan, sözleýşinden, geýim geýşinden, gazet okaýşyndan, telewizora tomaşa edişinden, nahar iýişinden, töwir galdyryşyndan… nusga alýar, ony özünde janlandyrmaga çalyşýar. Emma käbiri çaganyň beýle duýgularyna üns bermeýär.
Halk arasynda şeýle rowaýat aýdylýar: Nedir şa zamanynda şäher kazysy bir tüýkesme ogrynyň elini çapmaga perman berýär. Bazar güni şäher mähellesi jeza meýdanyna ýygnanýar. Şol ýere Nedir şa-da baran eken. Kazy permany yglan edýär. Nedir şa tüýkesme ogryny ýanyna çagyryp soraýar:
― Seniň ilkinji ogurlygyň ýadyňa düşýärmi? Kakaň sen ogurlyk edeňde nähili gördi?
― Men ýedi ýaşymda goňşymyň kürk basyp ýatan towugyny ogurlap geldim. Kakam berekella berip, başymy sypady ― diýip, ogry jogap beripdir.
Nedir şa ogrynyň kakasyndan dogrulygyny-egriligini sorapdyr. Kakasy başyny aşak egip, ogluna berekella berenini, başyny sypanyny boýun alypdyr. Nedir şa:
― Oglanda günä ýok, ol ümbilmez çagaka ogurlyk edipdir. Ony ogurlyk ýoluna salyp, berekella beren kakasynyň diline-de dag basyň, eline-de dag basyň, günä ogrynyň kakasynda ― diýipdir. Ine, saňa atanyň öz çagasyna ýaramaz göreldesiniň netijesi.
Terbiýäniň tebigy ösüşinden, zerurlygyndan ugur alýan çuň manyly bu rowaýatdyr nesihatyň düýp özenine her bir ata-ene dogry düşünmelidir. Ata-ene her bir hereketinde, sözünde adamkärçiligiň ýokary sypatlary bilen çagalaryna görelde bolmalydyr. Ata-enäniň şahsy göreldesi arkaly berilýän edep-terbiýäniň çaga aňynda hemişelik galýandygyny ýatdan çykarmaly däl.
Çeşme: Kulyýew Ö., Çaga eziz, edebi ondan hem eziz.

[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет