Tekiz Ýerçiler Ýeriň Düňderilen gazan şekillidigini aýdýarlar. Emma bu şekil Ýeriň Tegelekdigini aňlatmaýar. Netijede Tekiz Ýer teoriýasyny goldaýanlar hem: ''Ýer tekizdir'' diýýärler, hem Ýer Gazan /Ojagyň üstünde goýulýan gazan/ şekilliräk diýýärler. Tekiz Ýerçiler Demirgazyk tarapynyň bardygyna ynanýarlar, ýöne Günorta tarapy asla kabul etmeýärler... ''Günorta tarapy ýok'', çünki günorta tarapyň aňyrsy Antraktida diýilýän buzluklar bilen aňyrsy eňňit, ýagny düňderilen gazanyň gulaklaryny, tutulýan ýerini göz öňüne getirip, barmasy kyn bolýan doňaklyk'' diýip düşündirýärler. Emma bu aýdylanlar Tekiz ýeriň gapma-garşylykly ýalňyş taraplarydyr. Ýagny Ýer Tekiz diýýärler, ýöne hem onuň demirgazygy bar-da günortasy ýok, düňderilen gazan diýip öz garaýyşlaryna garşy gidýärler.
Bolýar, bu düşnükli, Ýer tekiz, özem gazan görnüşli, keşbi bar diýeli.
Ýeriň islendik ýerinden, asmanyň asuda wagty Teleskop bilen seredeniňde Ýeriň islendik ýeriniň görünýändigini aýdýarlar. Emma şol düňderilen gazanyň tutulawajy tarapyndan depesine ýa gazanyň arkasyna /Muny düşünilmesi aňsat bolany üçin düňderilen gazan diýip düşündireýin, aslynda Ýarym şar şekilli Ýeri göz öňüne getirmelidiris/ teleskop bilen seredip görüp bolarmyka!?
Ine bu delil bolsa ýene Tekiz Ýerçileriň ýene öz aýdanlaryna garşy gidýändiklerini aňladýar...
Sözümiň soňunda bolsa Bahaweddin Abu Bekr Muhammet ibn Ahmet ibn Abu Bişr Hüseýini Harakynyň ''Kitab el Nejm'' atly kitabyndan Togalaklygyň düşündirilmesine degişli delilleri getirip bermekçi:
''Togalak - bir aýlawly çyzygyň gurşap alýan maddy şekilidir. Her togalagyň içindäki nokatdan daşyna - aýlaw çyzyga çenli çykýan göni çyzyklar bolýar. Ol ''togalagyň merkezi'' diýlip atlandyrylýan nokat - töweregiň diametrinde ýerleşýändir. Töweregiň diametri - togalagyň merkezinden geçýän we iki tarapynda tamamlanýan göni çyzykdyr, ýagny ol töweregiň okudyr. Töweregiň oky - togalagyň aýlanýan zadydyr. Okuň iki sany ahyry töweregiň iki sany polýusydyr. Ok töweregi iki sany deň bölege bölýär. Iki polýus töweregiň merkezinden deň aralykda ýerleşýär. Ok töweregiň merkezini kesip geçmek bilen togalakda iki sany uly töweregi ýüze çykarýar. Togalakdaky iki töweregiň her biri göni burçda ýa-da göni däl burçda kesişýärler. Çünki, iki sany kesişýän nokat ol iki töweregiň ýarysydyr. Togalagyň merkezinden geçýän diametr we iki sany kesişýän nokat ol iki töweregiň her biriniň diametridir. Togalagyň guşagy - togalagyň okundaky uly töwerekdir. Iki polýus - togalagyň iki polýusydyr. Kiçi töwerekler - togalagyň okdaky merkezleridir. Kiçi töwerekler togalagyň iki tarapyndan deň aralykda paralleldir. Diýmek, iki töwerek deňdir.
Togalak aýlananda ondaky her nokat onuň üsti bilen bilelikde aýlanýar. Ol nokadyň aýlanýan ugry hem togalagyň aýlanýan ugry bilen birdir. Her bir togalak aýlananda kämil aýlaw edýär. Nokatlaryň togalagyň guşaklygynda aýlanmak bilen parallel töwerekleri çyzýar. Togalaklaryň üstleri biri-biri bilen galtaşýar we biriniň üstünde töwerekleri çyzýarlar. Her uly töwerek başga uly töweregiň iki polýusyndan geçýär. Eger ol töwerek beýleki töweregiň iki polýusyndan zerurlyk sebäpli geçýän bolsa, onda ol göni burçda ýerleşdirmelidir. Çünki, ol iki töweregiň her biriniň diamteri beýlekisiniň diametriniň sütünidir''.
Ine Togalak Ýeriň hwsiýetnamasyny aňladýan, sada dilde düşündirilen delilleriň barysy ýokarda jemlenendir.
Şonuň üçinem ''Ýer tekizmi ýa togalakmy!? Barlanyp görüldimi!?'' diýilip berilýän soraglara Tekiz ýerçileriň öz düşünjelerine, öz pikirlerine görä jogap berilendir. Bu bolsa ylym tarapyndan Ýeriň Tekizdiginiň çüýredilmegi diýmekdir...
Eýsem gadyrdan Tekiz Ýer teoriýasyny goldaýanlar muňa nähili jogap bererlerkä!?
@Jeksparro
Tekiz Ýerçilere jogap we Togalaklygyň düşündirilmesi...
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
13-06-2021, 09:06