Ýumurtga dünýäniň köp ýurtlarynda iň meşhur tagamlardan biridir. Ýumurtga örän peýdaly iýmitleriň biri bolup, öz agramyna gözegçilik edýänler üçin hem amatlydyr. Amerikaly alymlar irden ýumurtga iýmegiň agramyň azalmagyna hem kömek edýändigini tassykladylar. Ýöne munuň üçin dogry iýmitlenmek zerurdyr. Ýumurtganyň düzümindäkiler daşarky täsir edijilere garşy göreşmäge mümkinçilik berýär. Ýumurtga beýniniň işjeňligini we görüşi gowulandyrmaga kömek edýän «omega-3» ýag kislotalaryna baýdyr. Gaýnadylan ýumurtganyň 100 gramy bolsa «şatlyk gormony» hökmünde bilinýän serotonini öndürýän triptofanyň gündelik kadasynyň 20 göterimini öz içine alýar.
Ýöne her gün ýumurtga iýmegi maslahat bermeýänler hem bar. Ýumurtganyň sarysynda holesteriniň 200 gramy bar. Geçirilen köp sanly barlaglarda ýumurtga iýmek bilen ganyň düzümindäki holesterin mukdarynyň arasynda arabaglanyşygyň ýokdugy ýüze çykaryldy. Berhiz boýunça hünärmenler uly adamlaryň her gün 2 sany ýumurtgany iýip biljekdigini belleýärler.
Ýumurtganyň peydalary
Sorag-jogap,
Нежная леди
tarapyndan
14-06-2021, 19:03