Gün Äleminiň 8-nji planetasy. 4500 mln. km/s tizlik bilen hereket edip, Günüň töwereginden bir aýlawy 164,8 ýylda tamamlaýar. Günden 4537 mln. km uzaklaşyp, oňa 4459 mln. km golaýlaşýar. Öz okunyň töwereginden 15,8 sagatda bir gezek aýlanýar. Onuň pyrlanýan oky hereket edýän tekizligine 28,8 gradus gyşykdyr. Neptunyň diametri 49528 km. Massasy 1,03•10 26 kg. Içki gurluşyny 3 gatlaga bölýärler: gaty, kremniden durýan, radiusy 7000 km bolan birinji gaty; galyňlygy 10000 - 150000 km-e ýetýän, doňan suwdan, metandan we ammiakdan durýan ikinji gaty; suwuk wodoroddan, geliden we metandan bolup, ýuwaş-ýuwaşdan atmosfera öwrülýän 3-nji gaty. Emeli hemralaryň we kosmosdaky teleskopyň kömegi bilen 2003-nji ýyla çenli Neptunyň jemi 11 hemrasynyň /Aýy/ barlygy açyldy. Sekiz hemrasynyň atlary şeýle: Triton, Nereida, Proteý, Larissa, Despina, Galateýa, Tallasa we Naýada. Onuň dört sany halkasy bar /1. Galle halkasy, 2. Lewerýeniň halkasy, 3 Tekiz beýiklik, 4. Adamsyň halkasy/. Howasynyň 85%-i wodorod, 13%-i geliý we 2%-i metandyr. Onuň üstünde uly bulutlar bar. Howasynyň ýokary gatlagynda temperatura -200°S. Ýagtylygy 8 ý.u. Oňa diňe dürbiniň ýa-da teleskopyň kömegi bilen gözegçilik etmek bolýar.
Hojamuhammet MELÄÝEW
''SYRLY ÄLEM'' kitaby
Aşgabat. Ylym. 2004.
Neptun planetasy
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
15-06-2021, 20:55