Ne "Turdyňmy" diýip, soramana adam geldi ne-de salamlaşdyrmak üçin alyp gitmäne adam.
Kürtede-de ýadapdym, çykaryp bir gyrada goýdum. Adaty öý eşikleriniň birini geýip, ýaglyk bilen bürendim. Günortan golaýlady. Öýüň içine aýlanybersem gelşiksizdi. Çykalgasyz ýagdaýda boljak zatlara garaşmakdan başga alaç ýokdy.
Ahyrynam gapy açyldy. Ýaşynyp, başymy aşak egip oturdym. Begenje ýa ulyrak birine garaşan bolsam, bir ýetişenje gyzjagaz gelip, "Naharyň gelneje" diýip, saçak ýazdy-da gitdi. Nahara-da hiç hili işdäm ýokdy. Düşen ýagdaýyma diňe aglaýardym. "Wah eje, men nirelere düşdim beÿle" diýip, nalap-nalap göz ýaşymy dökdüm.
Iki sagatdan soň ýene-de şojagaz gyz gelip, saçagy ýygnap, alyp gitdi. "Iýmänsiňem" diýmedi, ýene birzadam. Agşamlygam edil şeýle boldy. Men diňe dört diwaryň bir gyrasynda ýeke özüm aglaýardym. Menini ne eştden bar, ne-de menden habar alýar.
Gije barha golaýlaşýardy. Asmanda ýyldyzlar ak patraga dönüp, altyn ýalagam parlaýardylar. Äpişgeden daşaryk seretsem, imisalalyk hiç kim ýok. "Heý bir toý edersiňle, märeke ertesi günem bolmazmy?! diýip, gaýyn öýe käýinýärdim.
Gapynyň açyljakdygyny duýdum. Derrew ýerime geçip oturdym. Begenç gelipdi. Begenji görüp näler begendim. Ýalňyzlyk, agyň içinde geçiren bir günümi onyň gelmesi bilen unudaýdym.
Arman Begenjiň eden hereketi, bu şatlygymam elimden alypdy. Ol geldi-de, bir gyradaky duran sandygyň üstündäki düşegi alyp ýere ýazdy. Ýöne ol düşegem ýeke adamlykdy. Özüni ýere berip, uka gitdi.
Onuň eden hereketini görüp, dilim tutuldy. Edil şol wagt näme edip näme goýjagymy bilemakdym. Ýer dyrmalap agladym. Aglabam ýatyp galypdyryn.
Irden Begençden ir turupdym. Entegem sabyr käsem püre pür dolmandy. Inniki etýän hereketlerine üns bermekdi.
Begenjem menden soň, kän eglenmän turdy. Düşegini öňki ýerine galdyryp daş çykdy. Ýuwunup gelipdir hemem eli saçakly. "Ertirlik etjek öýtýän" diýip, pikirlendim. Saçagyň başyna oturanam şoldy welin, menem baryp saçak başynda oturdym. Ses-seda çykanak, öz bolşuna otyrdy.
Käsäni "Çaý guýup beräý" diýen şekilinde uzatdym. Ýüzümede seretmedi. Arkaýyn hiç zat ýok ýaly iýip-içip otyr. Şol bolşuma gözümden bir hünji gaçdy. Gahardanam çoýup durdym. Begenjiň meni görmezlikden gelişine jydap bolar ýaly däldi.
Elimdäki käsäni gaharyma ýere zyňdym. Halyň üsti bolansoň döwülmedi. Begenjem kellesini käsäň düşen ýerine öwürdi. Soňam "Näme etseň, şony et" diýýän şeklinde kellesini başga ýana sowup çaýyny içjek boldy. Gaharyma ýaňy bir agzyna ýetiren çaýly käsäni elim bilen kakyp göýberdim. Begenç ýene käsäniň düşen ýerine seredip, töwhir galdyryp turmak bilen boldy. Halys iň soňunda bu sessizligi men pozdym:
-Begenç- diýip, agyly sesim gaharlandym.Olam ady tutulýana meňzeş däl, çykyp gidip barýardy. Gapa ýetmen-kä, öňüni sakladym:
-Begenç, dogrym aýdaýyn. Şu bolýan zatlara näme diýip, näme goýjagymy bilemak. Akyl ýetirip bilemak. Hany bile etýän arzuwlarymyz? Hany sen meni ömürboýy bagtly etjekdiň-ä. Inni bu boluş näme. Ýa şeýle bela mende aryň galdymy. Näme eden bolsam bagyşla, bolmanda bu bolýan zatlaryň sebäbin aýt. Näme üçin beýle sen- diýip, aglap-aglap ýere çökdüm. Begenç aýdanlarymy diňläp, çykyp gitdi.
Meniň indi hiç hili alajym ýokdy. "Kime aýdaýyn derdimi. Kim maňa kömek berer. Ejeme aýtsama ýaňy bardyň, eýýämden bu gepiň näme? diýip, ol maňa käýer. Gaýnyma aýtsamam ýaşmakly, Wiii ýogsa-da, toýdan soň hiç kim ýanyma gelmedi. Onda olaryňam Begenjiň meniň ýanyma gelmedigini bilýän bolmalylar. Ufffff, Allam! Nämeler bolýar?!" diýip, öz özüme nalynýardym.
Ýerimden turyp, özüme timar berdim. Ýaşynyp daşaryk çykdym. Görsem, gaýynenem bir ýerlerden gelýärdi. Meni görüp: "Waý gelinjan" diýip, gujaklady. Görnüşe görä, onuň zatdan habary bardy. Ýogsam "Bu çaka çenlä, çykman näme etdiň?" diýip, soramazdymy?!
Wagtam geçip durdy. Gaýynenem öýüň içini, düzgünlerini öwredip, öýe öwrenşdirip başlady. Begenjiň bolsa, şol bolşy. Gaýynym ol barada hiç hili dil ýaranakdy. Menem inni onuň özüne görä bolup, barlygymy bildirtjek bolup, gezemakdym. Şeýtdirip, toýdan soň bäş günümiz geçip gitdi.
Şol gün, ýazyň howasynyň boljakdygy bildirtýärdi. Howa şemally sowujagy bardy. Gögüň güpürdisi bilen hem ýagşyň ýagjagy mese-mälim bolup durdy.
"Ýagyş ýagsa daşardaky eşikler ezilmesin" diýip, eşikleri ýygnamaga durdum. Ýagşam guýup başlady. Howa garalyp başyňa apy-tupan turar diýen şekilinde gögem öran gaty sesli güpürdeýärdi. Hakykatdan hem haýady açan adamy görüp, başyma apy-tupan turdy...

Dowamy bar.

Awtory: Babaýewa Safiýa (Xyivenia)

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Xyivenia_babayeva. tarapyndan 16-06-2021, 10:13

  • Abaddon Abaddon off № 4 16 июня 2021 10:39
    Bet dowamyna garashyash
    Jogap
  • Xyivenia_babayeva. Xyivenia_babayeva. off № 6 16 июня 2021 11:04
    Ärsarynyñ gyzy,

    Ogulşirin_Bayramowa,

    Abaddon,

    Yetişdigimden iň gysga wagtda hòkman goýaryn
    Jogap
  • FanB FanB off № 8 16 июня 2021 11:15
    Goyaweri hayys Sofiyajan sabr kasam doldy
    Jogap
  • Xyivenia_babayeva. Xyivenia_babayeva. off № 9 16 июня 2021 11:22
    FanB,

    Läle şonça zatlaram görüp, ýene-de sabyr käsesi doly dolmandyr. Sabyrly bolup jydaýa.
    Sizem gaýrat ediňdä.
    Jogap
  • Bega 9507 Bega 9507 off № 11 16 июня 2021 13:28
    Oglan tök bolaýmasa yogsam täzeje gelinden gacyp yörmezdi
    Jogap
  • Bibish Bibish off № 12 16 июня 2021 13:29
    yzynam goyayda basymjak.
    Jogap
  • Bega 9507 Bega 9507 off № 13 16 июня 2021 13:38
    Su bolumina hakykadan dasyrak bas gun gurlesman gezipdir, su wagytky gyzlar bilen bir gun halyndan hawar alman gurlesman gor, goni ejesine jan edip urys baslatya.
    Jogap
  • Xyivenia_babayeva. Xyivenia_babayeva. off № 16 16 июня 2021 14:02
    Bega 9507,
    Eserdaki olar yaly gyz dal, eserin sonurraklarynda ac acan gyzyn hasiyetini bilip bolya
    Jogap
  • korolewa korolewa off № 17 16 июня 2021 18:51
    Gaty gyzykly eken. Dowamyna garashyan!
    Jogap
  • Sazanda gyz Sazanda gyz off № 19 16 июня 2021 22:15
    Xyivenia_babayeva.,
    tizirak goyayda
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler