Bu dünýäde her bir adam ýaşaýandyryn diýip pikir edýär. Dogry,ol ýaşaýar, yöne ýaşamak bar, “ýaşamak” bar. Durmuşda köp adam öz hakyny bere-bere ýaşaýar welin köpüsi öz hakyny gidirmekden gorkup bir burça dykylýar, gizlenýär ýa-da yzyna seretmän gaçýar. Hemişe gorkup, gaçyp ýaşaýan adamyň ýaşamagynda bir many barmy?! Ýok. Asyl ol ýaşaýarmy? Ýok, gury bir san. Gorkma, arzuw et we özüňe maksat tutun. Maksadyňa ýetýänçäň eliňden gelenini hatda ondanam artygyny et. Gün her gün säher bilen bu jahana şöhle saçyp dogmakdan ýa-da her baharda agaçlaryň ýapraklap güllemekden ýadamaýşy ýaly senem arzuw etmekden ýadama. Dogry, belki şu güne çenli maksadyňa ýetmek üçin eden işleriň ugruna bolan däldir, kän gezek hakyňy gidirensiň weli bir gün ahyr bolar. Bu gün bolmaz, emma bir gün bolar. Eýsem, durmuşyň we ýaşamagyň manysy utulyp, utup, hakyňy giderip ýa öz hakyňa eýe bolup ýaşamak dälmi näme?
•Hakykatdan meňki bolan, hiç kimiň menden ogurlap bilmejek, hakykata gidýän dogry bir ýol barmy?!
•Ogry günäli diýeliň, öý eýesi günäsizmi?
•Gapylar we aýnalar berk goralsa, ýürekler imandan doly bolsa,jogap ber kim ogurlar, kim ogurladar?

Leyli Amanowa

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, manikarnika tarapyndan 16-06-2021, 23:27

  • MerdanGeldiyevv MerdanGeldiyevv off № 2 17 июня 2021 00:37
    Bu gün bolmaz, emma bir gün bolar.

    Menem şeý diýp ýaşap ýörn???
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler