Owhadetdin Aly Enweri /1110-15-1188-91 ý.ý./ orta asyrlarda ýaşan görnükli türkmen şahyry, alymy. Ol 1130-35-nji ýyllardan soň köp wagtlap Soltan Sanjaryň köşgünde işläpdir; matematika, astronomiýa, astrologiýa, grek we gündogar filosofiýalary, ritorika ýaly ylymlar bilen meşgullanýar; oňat sazanda bolupdyr. Onuň 13300 setir goşgusy bize gelip ýetipdir. Şahyr hökmünde Ferdöwsi, Nyzamy we Sagdy bilen bir hatarda gündogaryň iň ökde şahyrlarynyň biri bolup, ''Şahyrlar şasy'' adyny alypdyr. Aýyň we Günüň tutulmagyny öz döwri üçin ýokary takyklyk bilen kesgitläp bilipdir. Onuň Soltan Sanjaryň köşgünden gitmegine astrologiýadaky ýalňyş hasaplamasy sebäp bolandyr diýlip çak edilýär. Ol mizan ýyldyzyny hasaplap, tupan turup, şol aýda jaýlary, şäherleri weýran etjek, agaçlary kökünden goparyp taşlajak diýip aýdýar. Adamlar gorkup ýaşynýarlar. Emma tupan turmandyr, hatda minarada ýatdan çykarylan çyra hem sönmändir /A. Mülkamanowyň we A. Meredowyň maglumatlary/
Hojamuhammet MELÄÝEW
SYRLY ÄLEM
Aşgabat. Ylym 2004.
Enweri
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
17-06-2021, 22:52