Bu alym 154/770-nji ýylda Merwde dogulýar we 257/870-nji ýylda dünýäden ötýär. ''Hebeş hasyp'' /''Hebeş hasapçysy''/ diýen lakam bilen meşhurlyk gazanan bu alym halypalar Mamun bilen Mugtasymyň köşgünde işleýär we 210/825-nji - 220/835-nji ýyllarda Sinjar düzlüginde Ýeriň Meridianyny kesgitlemek boýunça gurnalan ylmy barlaga gatnaşýar. Onuň älemşynaslyk ylmyny degişli ''Kitab ad-dawaýir as-salas al-mumassa we keýfiýýa al-iwsal'' /Üç sany biri-birine galtaşýan töwerek we olaryň gatnaşyklary hakda kitap''/ ''Az-zij ma'ruf bid-Dimaşky'' /''Dimeşkiniň ýyldyzlar jedweli'' atly jedwel/, ''Az-zij al-Mamuni lil-mumtahan'' /Mamunyň synagdan geçirilen ýyldyzlar jedweli''/, ''Kitab fi ma'rifa al- Kura we ajaýibuhu'' /''Globus bilen tanyşlyk we onda işlemek hakda kitap''/, ''Amal bil-usturlab al-kura we ajaýibuhu'' /''Sferiki astrolýabiýa bilen işlemek we onuň täsinlikleri hakda kitap''/, ''Zij aş-Şahi'' /''Şanyň ýyldyzlar jedweli''/, ''Kitab al-ab'ad wel-ajram'' /''Aralyklar we jisimler barada kitap''/, ''Kitab ar-ruhaýim wel makaýis'' /Gün sagatlary we gnomonlar hakda kitap''/, ''Kitab amal as-sutuh al-mebsuta wel-kaýima wel-maýila wel munharifa'' /Gorizontal, Wetikal, Ýasy we gyşyk giňişlikler hakda kitap''/ ''Ar-risala al - kamila fir-ru ýa al-hilal'' /Täze aýyň görülşi barada kämil risala''/, ''Kitab al-arsad fi Bagdad'' /Bagdatda geçirilen gözegçiligiň netijeleri barada kitap''/, ''Kitab al-arsad fi Dimeşk'' /''Dimeşkde geçirilen gözegçilikleriň netijeleri barada kitap''/ atly işleri bar...
Şemseddin MERWEZINIŇ ''ÝYLDYZLAR KITABYNDA'' goşmaça ýerleşdirilen alymlaryň biografiýalaryndan peýdalanyldy...
Ahmet ibn Abdylla Merwezi
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
17-06-2021, 23:28