Te­le­wi­zor (te­le­wi­zor pri­ýom­ni­gi) (lat. Te­levso­ri­um – daş­dan gö­rü­ji, grek dil. τῆλε – daş we lat. Video – gör­mek) – sim­siz ka­nal­lar­dan ýa-da ka­bel­den be­ril­ýän (şol san­da wi­deo­sig­nal dö­red­ýän en­jam­la­ryň sig­nal­la­ry ýa-da te­le­wi­zi­on prog­ram­ma­la­ry – my­sal üçin, wi­deo­mag­ni­ta­fon­lar we beý­le­ki­ler) şe­kil­le­ri we su­rat­la­ry ka­bul ed­ýän we şöh­le­len­dir­ýän elekt­ron en­jam.Şe­kil­le­ri ara­lyk­la­ra iber­me­giň tag­ly­my ga­dym za­man­lar­da hem bo­lup, mif­ler­de we ro­wa­ýat­lar­da duş gel­ýär. (mi­fo­lo­gi­ýa gö­rä, gö­ýä Jem­şi­diň bir aja­ýyp ja­my bo­lup­dyr, şol ja­myň için­de gö­ýä dün­ýä­niň hem­me ýe­ri gör­nüp du­ran­myş). Em­ma şu­nuň ýa­ly en­ja­my dö­ret­mek üçin teh­ni­ki we na­za­ry esas­lar di­ňe XIX asy­ryň ahyr­la­ryn­da, ra­dio oý­la­nyp ta­py­lan­dan soň­ra ýü­ze çy­kyp­dyr.

1884-nji ýyl­da ne­mes oý­lap ta­py­jy­sy Pa­ul Nip­kow me­ha­ni­ki te­le­wi­de­ni­ýä­niň esa­syn­da­ky ýe­ňil­räk en­ja­my – Nipkowyň diskini oý­lap ta­pyp­dyr.

1906-njy ýy­lyň 10-njy okt­ýab­ryn­da alym­lar Maks Dik­man, Karl Fer­di­nan­da we G. Gla­ge, şe­kil­le­ri iber­mek üçin Brau­nyň trub­ka­sy­ny ulan­ma­ga ygtyýar­na­ma alyp­dyr­lar. Braun bu tag­ly­my yl­my däl ha­sap­lap, bu ugur­da bar­lag ge­çi­ril­me­gi­ne gar­şy bo­lup­dyr.

1907-nji ýyl­da Dik­man öl­çe­gi 3х3 sm, ýig­ri­mi se­tir ek­ran­ly we ýy­gy­ly­gy tow­lap ulal­dyl­ýan 10 kadr/s te­le­priýomnigi gör­ke­zip­dir.

1907-nji ýy­lyň 25-nji iýu­lyn­da Pe­ter­bur­gyň teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň pro­fes­so­ry Bo­ris Lwo­wiç Ro­zing “Şe­kil­le­ri ara­lyk­la­ra elekt­rik usu­ly bi­len ge­çir­me­k” üçin ygtyýar­na­ma alyp­dyr. Ol elekt­rik sig­nal­la­ry gö­rün­ýän şe­kil­le­riň no­kat­la­ry­na öwür­mek üçin ka­tod şöh­le­le­ri­ni ýaý­rad­ýan trub­ka­ny ulan­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni su­but edip­dir. Trub­ka­da şöh­lä­niň ýa­ýy­ly­şy mag­nit meý­dan­la­ry bi­len dö­re­di­lip­dir, sig­na­lyň mo­dul­ýa­si­ýa­sy, (aý­dyň­ly­gy­nyň üýt­ge­me­si) – di­af­rag­ma ar­ka­ly ek­ra­na geç­ýän elekt­ron­la­ryň sa­ny­ny öz­ger­dip, şöh­le­le­ri dik­li­gi­ne ser­pik­dir­ýän kon­den­sa­to­ryň kö­me­gi bi­len ber­jaý edi­lip­dir.

1911-nji ýy­lyň maý aýyn­da Rus teh­ni­ki jem­gy­ýe­ti­niň mas­la­ha­tyn­da Ro­zing ýö­ne­keý geo­met­rik şe­kil­le­riň te­le­wi­zi­on şe­kil­le­ri­ne ge­çi­şi­ni we ola­ryň elektron şöhle trubkaly ek­ra­n­da al­nyp gör­ke­zi­li­şi­ni­niň usul­la­ry­ny gör­ke­zip­dir. Ge­çi­ri­len şe­kil­ler gy­myl­dy­syz, ýag­ny he­re­ket­siz bo­lup­dyr.

1908-nji ýyl­da er­me­ni oý­lap ta­py­jy­sy Owa­nes Adam­ýan sig­nal­la­ry ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len oýlap tapan en­ja­my üçin ygtyýar­na­ma alyp­dyr. Ol “Geýs­le­riň trub­ka­sy­nyň ýag­ty­lyk yr­gyl­dy­syn­da os­si­log­raf aý­na­syn­da şöh­le­ne­nen ýag­ty­lyk top­lum­jy­gy­nyň çäk­li yr­gyl­dy­la­ry­ny üýt­get­mek üçin ula­ny­şa taý­ýar­lan­ma­gy” ba­ra­da bo­lup, ygtyýarnama almak üçin ar­za 1907-nji ýyl­da ber­lip­dir. Soň­ra ol şo­nuň ýa­ly ygtyýarnamalary Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da, Fran­si­ýa­da we Rus­si­ýa­da alyp­dyr.(“Ara­lyk­dan elekt­rik ar­ka­ly ge­çi­ri­len şe­kil­ler üçin pri­ýom­nik” 1910). 1918-nji ýyl­da Adam­ýan Rus­si­ýa­da il­kin­ji bo­lup, te­le­wi­de­ni­ýä­niň ösü­şin­de uly ädim bo­lan gy­myl­da­ma­ýan ga­ra-ak şe­kil­le­ri gör­kez­mä­ge ukyp­ly en­ja­my ýyg­nap­dyr.

Ol 1925-nji ýyl­da te­le­wi­de­ni­ýä­niň üç reňk­li elekt­ro­me­ha­ni­ki ul­ga­my­na, ýag­ny ara­ly­ga üç tap­gyr yş­ly dis­kiň ýar­da­my bi­len şe­kil­le­ri ug­rat­ma­ga ni­ýet­le­nen en­jam üçin ygtyýarnama alyp­dyr. Disk aý­la­nan ma­ha­ly üç reňk ýe­ke-täk şe­ki­le go­şu­lyp­dyr. Şol ýyl bu tej­ri­be Ýe­re­wan­da ge­çi­ri­lip­dir. Şeýle hem Taş­ken­diň alym­la­ry B.P. Gra­bows­kiy we I.F.Bel­ýans­kiý da­gy­nyň 1928-nji ýyl­da elekt­ron te­le­wi­de­ni­ýe ul­ga­my­ny dö­ret­mek ba­ra­da bir­gi­den işleri bar. Olaryň tej­ri­be­lerinde ge­çi­ri­len te­le­wi­zor pri­ýom­ni­gi “te­le­fo­ta” at­lan­dy­ry­lyp­dyr.

1925-nji ýyl­da şot­land oý­lap ta­py­jy­sy Jon Lo­ji Berd il­kin­ji ge­zek Nip­ko­wyň dis­ki­ni ula­nyp, he­re­ket ed­ýän şekilli te­le­wi­zi­on ge­çi­ri­li­şi gör­ke­zip­dir. 1920-nji ýy­lyň ahy­ryn­da onuň esas­lan­dy­ran “Baird Cor­po­ra­ti­on” şe­re­ke­ti dün­ýä­de ýe­ke-täk te­le­wi­zor ön­dü­ri­ji bo­lup­dyr.

B. Ro­zin­giň şä­gir­di W.K. Zwo­ry­kin elekt­ron te­le­wi­de­ni­ýesiniň teh­ni­ka­syn­da ha­ky­ky öňe gi­diş­lik ga­za­nyp­dyr. Ol re­wol­ýu­si­ýa­dan soň­ra Ame­ri­ka göç­ýär we bu ugurda iş­le­ýär. Ol 1923-nji ýyl­da bü­tin­leý elekt­ron esas­lar­dan ugur al­ýan te­le­wi­de­ni­ýä­niň üs­tün­de iş­läp baş­lap­dyr. Ol 1931-nji ýyl­da dün­ýä­de il­kin­ji ge­zek “Iko­nos­kop” at­lan­dy­ryl­ýan mo­zai­ko fo­to­ka­tod­ly ge­çi­ri­ji elekt­ron tur­ba­ny dö­re­dip, elekt­ron te­le­wi­de­ni­ýäniň ösü­şi­niň esa­sy­ny go­ýup­dyr.

Iko­nos­kop – il­kin­ji elekt­ron ge­çi­ri­ji te­le­wi­zi­on trub­ka­sy, te­le­wi­zi­on pri­ýom­nik­le­riň köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­gi­ne baş­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. Soň­ra Zwo­ry­kin bü­tin­leý elekt­ron te­le­wi­zi­on ul­ga­my­ny dö­ret­mek bi­len meş­gul bo­lup­dyr. Do­ly üs­tün­lik ga­zan­mak üçin iko­nos­ko­py we ki­nes­ko­py (ka­bul edi­ji trub­ka) kä­mil­leş­dir­mek, elekt­rik sig­nal­la­ry­ny üýt­get­mek we ge­çir­mek, ta­lap edil­ýän fo­to­du­ýu­jy­lyk gur­lu­şy al­mak bi­len bag­ly teh­ni­ki me­se­le­le­riň çöz­güt­le­ri bo­ýun­ça uly iş­le­riň ge­çi­ril­me­gi­ni ta­lap edip­dir. Met­bu­ga­t­da tä­ze en­ja­myň ady peý­da bo­lup­dyr – ra­diogl­ýa­di­tel.

Şe­kil­le­ri op­ti­ki – me­ha­ni­ki ul­gam­da ýaý­ly­ma ber­mek bi­len yzy­gi­der­li te­legep­le­şik ber­mek ABŞ-da 1927-nji ýyl­da, Ger­ma­ni­ýa­da 1929-njy ýyl­da baş­lap­dyr. Elekt­ron esas­lar­da il­kin­ji yzy­gi­der­li gep­le­şik UKW – dia­pa­zo­nyn­da 1935-nji ýyl­da Ger­ma­ni­ýa­da, 1936-njy ýyl­da Ang­li­ýa­da, Ita­li­ýa­da we Fran­si­ýa­da baş­lap­dyr. Gep­le­şik­le­ri bil­di­riş edip, ýaý­ly­ma çyk­mak 1936-njy ýyl­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da baş­lap­dyr.

Eger-de 1947-nji ýyl­da ABŞ-da 180 müň tö­we­re­gi te­le­wi­zor bo­lan bol­sa, 1953-nji ýy­la çen­li onuň sa­ny 28 mil­lio­na çen­li art­dy. (ýag­ny her ikin­ji maş­ga­la­da te­le­wi­zor bar­dy). Ba­zar 6 ýy­lyň için­de ga­ra-ak te­le­wi­zor­lar­dan do­lup­dy we ame­ri­ka­nyň ra­dio­se­na­ga­ty halk köp­çü­li­gi üçin ni­ýet­le­nen tä­ze ha­ryt dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len reňk­li te­le­wi­zor­la­ryň üs­tün­de çyn­la­kaý iş­läp baş­la­dy.

NTSC ul­ga­my iş­läp be­je­ri­len­den we dö­re­di­len­den soň­ra, 1953-nji ýyl­da ABŞ-da yzy­gi­der­li reňk­li te­le­wi­zi­on gep­le­şik­ler ber­lip ugra­dy. Şon­da hem reňk­li te­le­wi­zor­lar peý­da bol­dy. Şol dö­wür­de onuň or­ta­ça müň dol­lar tö­we­re­gi ba­ha­sy bar­dy, (aw­to­ulagyň ba­ha­sy­nyň ýa­ry), oňa hyz­mat et­mek bol­sa, bir ýyl­da çen bi­len ýe­ne-de şon­ça ba­ha ba­ryp ýet­ýär­di. My­sal üçin, hep­de­de di­ýen ýa­ly hü­när­men­le­riň ge­lip, saz­lap git­me­gi­ni ta­lap ed­ýär­di .

Şo­nuň üçin, ABŞ-da reňk­li te­le­wi­zor­lar di­ňe 12–15 ýyl­dan soň, giň halk köp­çü­li­gi üçin ön­dü­ri­lip baş­la­nyp­dyr. (di­ňe 1966-njy ýy­la çen­li il­kin­ji 10 mil­li­on reňk­li te­le­wi­zor sa­tyl­dy). Şo­nuň ýa­ly hem ýa­pon ra­dio­se­na­ga­ty ABŞ-yň ba­za­ry üçin ar­zan reňk­li te­le­wi­zor­la­ryň önüm­çi­li­gi­ni tiz ýo­la goý­dy.

Öňki SSSR-de yzy­gi­der­li te­le­gep­le­şik­ler 1939-njy ýy­lyň 10-njy mar­tyn­da baş­lap­dyr. Bu ýurt­da te­le­wi­zor önüm­çi­li­gi 1932-nji ýyl­da ýo­la goý­lan hem bol­sa, il­kin­ji so­wet te­le­wi­zo­ry 1940-njy ýyl­da ön­dü­ri­lip, “KWN–49” at­lan­dy­ry­lyp­dyr. Eý­ýäm 1957-nji ýyl­da öňki Soýuzda te­le­wi­zor­la­ryň sa­ny bir mil­li­on­dan geç­ýär­di. Reňk­li te­le­wi­zor­lar 1958-nji ýyl­da ön­dü­ril­mä­ge gi­ri­şil­se-de açyk sa­tuw­da bol­man­dyr. Ne­ti­jede, 1958-nji ýyl­da ozalky SSSR bi­len Fran­si­ýa­nyň ara­syn­da reňk­li te­le­wi­de­ni­ýe babatda hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da yla­la­şy­ga gol çe­kil­ýär we giň halk köp­çü­li­gi üçin ni­ýet­le­nen il­kin­ji reňk­li gep­le­şik 1967-nji ýy­lyň 7-nji no­ýab­ryn­da ýaý­ly­ma ber­lip baş­lan­ýar. Il­kin­ji reňk­li te­le­wi­zor­lar hem Fran­si­ýa­dan sa­tyn al­nyp­dyr.

“Ru­bin – 401” SSSR-de il­kin­ji reňk­li te­le­wi­zor­dyr. (1967). Onuň has köp­çü­lik­le­ýin ön­dü­ri­len gör­nü­şi “Ru­bin – 714” 1976-njy ýyl­da çy­ka­ry­lyp­dyr. 70 – 80-nji ýyl­lar­dan soň ga­ra-ak reňk­li te­le­wi­zor­la­ryň or­nu­ny ýu­waş-ýu­waş­dan reňk­li te­le­wi­zor­lar eýe­läp baş­la­ýar. 1980-nji ýy­lyň ahy­ryn­da öňki SSSR-iň ila­tyn­da eý­ýäm 50 mil­li­on­dan gow­rak reňk­li te­le­wi­zor bar­dy. Çen bi­len 1990-njy ýyl­la­ra çen­li te­le­wi­zor­lar baş­dan-aýak ki­nos­ko­pyň esa­syn­da (elekt­ron şöh­le trub­ka­sy) ula­nyl­dy. Ýö­ne şu dö­wür­de ki­nos­kop­lar hem bü­tin­leý kä­mil­le­şip, te­kiz ek­ran­ly te­le­wi­zor­lar ön­dü­ri­lip baş­la­nyp­dy.

XXI asy­ryň ba­şyn­da bol­sa, eý­ýäm su­wuk kris­tal­lik we plaz­ma ek­ran­ly te­le­wi­zor­lar köp­çü­lik­le­ýin ön­dü­ri­lip ugrady. Hä­zir­ki za­man te­le­wi­zor­la­ry­nyň öl­çe­gi bir­nä­çe es­se uly bo­lup, örän ta­kyk gör­kez­ýär. 2008-nji ýy­lyň 28-nji oktýab­ryn­da il­kin­ji la­zer te­le­wi­zo­ry sa­tu­wa çyk­dy. 2010-njy ýyl­dan soň, te­le­wi­zi­on pri­ýom­nik­le­riň mun­dan bu­ýan­ky ösü­şin­de ýo­ka­ry ta­kyk­lyk­da­ky 3D te­le­wi­zor­lar has ile­ri tu­tu­lyp baş­lan­dy.

Çeşme: “Zaman Türkmenistan” gazeti

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Abaddon tarapyndan 20-06-2021, 12:13

  • Talypcy_2021 Talypcy_2021 off № 1 20 июня 2021 13:47
    Abaddon dost men mowzuk acsam bash shaypa cykanok name ucinka gorip berayda?
    Jogap
  • Abaddon Abaddon off № 2 20 июня 2021 15:28
    Talypcy_2021,
    Mowzugyn bolumini saylamansynyza hazir cykaryan
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler