Balykesirdäki liseýde gyzlar ýatymlyk okaýardylar. Bu ýerdäki gyzlaryň gije ukylary tutmaýandygy üçin bir-birlerine hekaýalar gürrüň berer ekenler. Bu hekaýa okuw jaýlary bilen baglanyşyklydy. Göýä şeýtan öňler şu ýerde ýaşap ölüp giden bir maşgalanyň ruhyna musallat bolupdyrlar. Ynanylmagyna görä şeýtanyň aýaklary tersmiş...
Aradan ep-esli wagt geçipdir. Bu hekaýa aýdyşyp oturan gyzlaryň ahyry ukylary tutup ýerlerine geçip ýatypdyrlar. Aralarynda bir gyz hekaýanyň täsirinden çykyp bilmändir.
Buşugasy gelip hajathana gitmäge mejaly bolmandyr. Gorkýar eken... Ýatylýan krowadyň aşaky gatyndaky ýatan jorasyny yralapdyr we ýoldaş bolmagy haýyş edipdir. Onuň jorasam aýdylan hekaýadan gorkup uklap bilenok eken. Bu ikisi aýak ýoluna gidýärler we gyzlaryň biri hajathana girensoň beýlekisi gapynyň daşynda garaşýar. Hajathana girip çykan gyz daşyndaky jorasyna hyrsyz nazary bilen çiňerilipdir. Daşynda duran gyz hekaýanyň täsirinden çykyp bilmändigi üçin jorasynyň aýaklaryna çekine-çekine seredenmiş. Görse onuň aýaklary tersmiş. Ýagny topukdan aşagyndaky ökje öňde, barmaklary yzdamyş. Muny görüp akly göçen gyz çirkin sesi bilen gygyryp bu ýerden ýatakhana tarap gaçyp gidipdir. Ylgap barýarka koridorda mugallymy gabat gelipdir.
Gyz howlukmaç demini dürsemän, bolup geçen zatlary aýdyp berýär. Gürrüňiniň soňunda: ''Mollym, gözlerime ynanmadym, aýaklary tersdi, aýaklary...''diýýär.
Mugallym oňa öz aýaklaryny görkezip ''Edil meň aýaklarym ýalymy?'' diýýär. Muny gören gyzjagaz şol ýerde aklyny ýitirip, dälliräpdir...

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 21-06-2021, 22:21

  • Gudrat Gudrat off № 1 21 июня 2021 22:25
    Wagtynam bilip goýýaň tüweleme ? suw içip geleýin
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 2 21 июня 2021 22:27
    Gudrat,
    Kän içme agşamlyk buşugmaga ýoldaş gözlär ýörersiň ! ?
    Jogap
  • Gudrat Gudrat off № 3 21 июня 2021 22:29
    Jeksparro,
    Suraty görüp tisginip gitdim. Ýüregim çalt urýar. ?
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 4 21 июня 2021 22:30
    Gudrat,
    Aý nätdiňaý, hany erkek bolsana...?
    Jogap
  • Gudrat Gudrat off № 5 21 июня 2021 22:30
    Jeksparro,
    entägem içerdeligi ?
    Jogap
  • Gudrat Gudrat off № 6 21 июня 2021 22:32
    Gudrat,
    Oglan bolsamam ýürek ejizdir dost. Wampir, gan zat görsem gorkýan. Kiçi wagtym köp wampirli kino görenimdenmi bilemok ?
    Jogap
  • Demeter Demeter off № 7 21 июня 2021 22:46
    bet eken yene goyayyn
    Jogap
  • Demeter Demeter off № 8 21 июня 2021 22:47
    bet eken yene goyayyn
    Jogap
  • Mähri Mähri off № 9 21 июня 2021 22:51
    Surat gaty gorkunc, agsam yatyp bilmerin indi :(
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 10 21 июня 2021 23:02
    Bah hakyky horror Stiwen King bola
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 11 21 июня 2021 23:04
    Khanture,
    Hor diýen bolýaňmy, sen ýaly semiz bolmasam bolýarda ?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 12 21 июня 2021 23:26
    Gowja okasana Horror diydim, manysyny owren ilki ikilikci :)))))
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 13 21 июня 2021 23:26
    Semizdigmi nirde gordun :))))
    Jogap
  • Perishdejik Perishdejik off № 15 22 июня 2021 09:00
    gaty gyzykly ýenede şular ýaly mowzuklara garaşýas
    Jogap
  • Sazanda gyz Sazanda gyz off № 17 22 июня 2021 21:15
    Niresi gorkunc gyzyn yenede seyle wampir zqtlary goyayda
    Biz gije kocede oturyakda ozum bilen 3 gyz bolup ozumizem zeykanala 2 jay bar gaty yakynda zeykanal onnan biza you tubeden damA pika ruhly gorkunc zatary gorup oturyak danda sagat 3 4 cenli oturyak gorkamyzogam
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 18 22 июня 2021 21:19
    Sazanda gyz,
    Gözüň görüp öwrenişse gorky galýar eken, hawa...
    Jogap
  • Ogulşirin_Bayramowa Ogulşirin_Bayramowa off № 19 22 июня 2021 21:46
    Jeksparro,
    Mena hiçem gorkamok bular yaly zatlardan biz gaty kop jynly jymyrly zat goryas yone birinden gorkupdym ony gorup ulylaram gygyryp baslady gorkyas diyman sunyaly zat gormelimi siz diyip iñ kop paranormal oda youtuber son videolaryny goryan sonda birki sany doga okap gyssap baslaya welin eden etmislerini sanap baslaya karocim icindaki erbetlik yuzune urya birindede jyn bilen toy eden gyz bilen sohbetdeslik geciryada welin oglan gorkup icinden doga okap baslaya welin birden yanky jyn bilen toy eden yok yok beytme diyip gygyryp baslayara men gorkanym bir çisik dayyn içine 2000 yasan jyn girya sony acyp durkalar video cekipdirler sondan gorkdym ol mollan müslüman jynlary bamy namemi ol adam yerindenem gymyldap bilenok bir zat basyp duran yaly
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 20 22 июня 2021 22:31
    Ogulşirin_Bayramowa,
    Bäh,
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler