Tehnologiýanyň ýokary depginde ösmegi adam zähmeti bilen ýerine ýetirilýän işleriň sanyny azaldýar. Şeýle ösüşiň dowam etmegi bilen ýene-de birnäçe ýyldan käbir hünärler ähmiýetini ýitirer, käbir hünärlere bolsa isleg artar. Şeýle-de, täze hünärler peýda bolar. Bilermenler häzirki wagtdaky işleriň üçden iki böleginiň geljek on ýylyň dowamynda emeli aňly tehnologiýalar tarapyndan ýerine ýetiriljekdigini mälim edýärler. Şol sebäpli awtomatlaşdyrylan we maglumat talap edýän hünärleriň ähmiýetiniň artmagyna garaşylýar. Emeli aň tehnologiýasy bank-maliýe, dokmaçylyk, bölek söwda ýaly pudaklarda has köp ulanylar. Bu pudaklarda zähmet çekjek hünärmenler matematika, programma üpjünçiligi, maglumat tehnologiýasy ýaly ugurlardan gowy baş çykarmaly bolar. Angliýanyň Oksford uniwersitetiniň bilermenleri geljekde haýsy hünärleriň arzyly boljakdygy barada maglumat taýýarlady. Maglumatlara görä, geljek on ýylyň dowamynda köp işi ýerine ýetirmek örän aňsat bolar. Ylmy-populýar filmlerde gabat gelýän birnäçe hünärler ýakyn geljekde durmuşda hakykata öwrüler.
Häzirki wagtda, esasan, senagat önümçiligine robotlaşdyrylan tehnologiýalar giňden ulanylýar. Köp zawodda önümçilik konweýeriniň ýanynda işçiniň ornuna roboty ýa-da işçiniň haýsydyr bir enjam bilen işini aňsatlyk bilen ýerine ýetirýändigini görmek bolýar. Awtomatlaşdyrylan enjamlary awtoulag senagatynda has köp görmek bolýar.
Käbir iri şäherlerdäki myhmanhanadyr restoranlarda robotlar müşderileriň sowallaryna jogap berýän bolsa, saglygy goraýyş pudagynda peýdalanylýan robotlar hem bar. Hatda myhmanhanada müşderiniň el goşuny daşamaga ýardam edýän robotlary hem görmek bolýar. Bu ýagdaý diňe adam zähmetini ýeňilleşdirmän, eýsem, kärhanalaryň çykdajylaryny hem azaldýar.
Ýokarda berlen mysallardaky işleri ýola goýmak kompýuter we mobil programmalaryny işläp taýýarlaýan hünärmenleriň paýyna düşýär. Şonuň üçinem programma düzüji hünärmenlere dürli pudaklarda zerurlyk duýuljakdygy aýdylýar. Müşderileriň we edara-kärhanalaryň artýan islegi bu programmalary yzygiderli täzelemäge zerurlyk döreder.
Häzirki wagtda sanly ulgam adalgasy has köp eşidilýär. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar bolsa sanly tehnologiýanyň näderejede ähmiýetlidigini aýan etdi. Bu döwürde kompaniýalar sanly ulgam arkaly nähili işleri ýerine ýetirip boljakdygyny iş ýüzünde gördüler. Bu bolsa, sanly ulgamdaky infrastrukturanyň ösdürilmegine itergi berdi. Şeýle hem bu ýagdaý onlaýn maslahatlaryň geçirilmegine, söwdalaryň bu usul arkaly ýerine ýetirilmegine getirdi. Geljekde sanly ulgam boýunça marketing hünärmenlerine zerurlygyň artmagyna garaşylýar.
Altynaý Gurbanowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
https://zamanturkmenistan.com.tm
Geljegiň arzyly hünärleri
Täzelikler,
Abaddon
tarapyndan
23-06-2021, 21:35