Ronaldo goşa rekord goýdy
Ýewropa çempionatynda “F” toparçada Portugaliýa bilen Fransiýanyň arasyndaky oýunda penaltiden 2 gol geçiren Kristiano Ronaldo 2 rekord goýdy. EURO 2016-nyň finalynda duşuşan iki toparyň arasyndaky bu duşuşykda Ronaldo 31-nji we 60-njy minutlarda eminiň bellän penalti urgularyny dürs urmagy başardy. Şeýlelikde, Ronaldonyň milli ýygyndyda geçiren gollarynyň sany 109-a ýetdi we ol bu ugurda eýranly Ali Daeniň rekordyna şärik boldy. Şeýle-de Ronaldonyň iki uly ýaryşdaky – Dünýä Kubogy (7 gol) we Ýewropa çempionatyndaky (14 gol) gollarynyň sany 21-e ýetip, ol bu babatda germaniýaly Miroslaw Kloseniň (19 gol) rekordyny täzeledi.
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
4 комментария