Endam-janyn asyr dişän daglara –
Iň azyndan milliard ýaşan daglara
Garry diýmän, ýaş
diýmegimiz nämeden?
Emma welin ellä ýeten adama –
Ýaňy aýny pellä ýeten adama
«Garry» diýip
at goýmagmyz nämeden?
Ömürlik ýaş dünýä döredýän adam,
Asyrlaň düýbüne seredýän adam
Milliard ýyl geçse-de
ýigit dälmişmi?
Şeýle adamlaryň öňünde bu gün,
Şeýle ýigitleriň deňinde bu gün
Ojagaz ýaş daglar
çigit dälmişmi?
Kerim Gurbannepesow
Daglar we adamlar
Edebiýat,
Xyivenia_babayeva.
tarapyndan
27-06-2021, 11:28