Meni söýseñ
Meni söýseň...
Bagş ederdim saňa dünýe malymy,
Eger-de sen söýseň meni ezizim.
Gyşymy, güýzümi, bahar-ýazymy,
Eger-de sen söýseň meni ezizim.
Paýlaşyp şatlygym, begenjim, duýgym,
Ýüregimde saňa dörän bu söýgim.
Kalbym joşa geler, egsiler gaýgym,
Eger-de sen söýseň meni ezizim.
Asmanyň Aýyny saňa dözerdim,
Ýygyp ýyldyzlardan monjuk düzerdim,
Seniň bilen bagt kölünde ýüzerdim,
Eger-de sen söýseň meni ezizim.
Gol tutuşyp çyksak baga seýrana,
Bizi görenleri goýup haýrana,
Bagtymyz gül açar, bakyp çar ýana,
Eger-de sen söýseň meni ezizim.
Hajarbibi Baýramdurdyýewa
Bagş ederdim saňa dünýe malymy,
Eger-de sen söýseň meni ezizim.
Gyşymy, güýzümi, bahar-ýazymy,
Eger-de sen söýseň meni ezizim.
Paýlaşyp şatlygym, begenjim, duýgym,
Ýüregimde saňa dörän bu söýgim.
Kalbym joşa geler, egsiler gaýgym,
Eger-de sen söýseň meni ezizim.
Asmanyň Aýyny saňa dözerdim,
Ýygyp ýyldyzlardan monjuk düzerdim,
Seniň bilen bagt kölünde ýüzerdim,
Eger-de sen söýseň meni ezizim.
Gol tutuşyp çyksak baga seýrana,
Bizi görenleri goýup haýrana,
Bagtymyz gül açar, bakyp çar ýana,
Eger-de sen söýseň meni ezizim.
Hajarbibi Baýramdurdyýewa
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
1 комментарий