Ýawa (Java) adamsy diýlip, (Homo erectus erectus) 1891-nji ýylda Indoneziýanyñ Ýawa adasynda tapylan adam (Homo) tapyndysyna berilen atdyr.
Eugene Duboýisiñ baştutanlygyndaky gazuw-agtaryjylar kelle çanagy we dyz aýak süñküni tapdylar. Galyndylar adamlaryñ we maýmynlaryñ arasyndaky ''ýitirim bolan halka'' bolandygyny açyklan Duboýis bu görnüşe: ''Antropopitecus erectus'' diýen ady berdi. Soñ bolsa ''Pitekantripus erektus'' diýip ady üýtgedildi. Bu tapyndy örän uly çekeleşikleriñ möwjemegine getirdi. 1891-nji ýyldan soñ, on ýyldan gysga wagtyñ içinde Duboýisiñ tapyndylaryny, çaklamalaryny nazara alan segsen sany kitap ýazyldy. Duboýisiñ çaklamalaryna garamazdan az sanly alymlar Ýawa (Java) adamsy maýmynlar we adamlar arasyndaky bir tapawut diýip düşündirdiler. Onuñ maýmynlardan geçiş formasy bolandygyny kabul etdiler[1]. Käbir alymlar bu tapyndydakylaryñ integem maýmyn görnüşidigini aýdyp birinji gol ýapanlaryñ çaklamalaryny red etdiler. Duboýis 1930-njy ýyllarda Pitekantropuñ ''Döwi gibon'' bolandygyny açyklady. Ahyr soñ ''Pitekantropu erektus'' (Ýawa adamsy) we ''Sinantropus pekinensis'' arasyndaky meñzeşlik diýildi; Ernst Maýriniñ 1950-nji ýylda ikisinem ''Homo erektus'' diýip atlandyrdy. Ýawa adamyny beýleki Homo erekt populýasiýasyndan aýyrmak üçin käbir alymlar ony 1970-nji ýyllarda ''Homo erectus erectus'' diýip tekrarlap aýtdylar. Beýleki tapyndylar XX asyryñ ikinji ýarymynda Ýawa adasynda tapyldy. Olar Duboýisiñ tapanlaryndan has gadymydy we aýratynam Homo erektiñ bir bölegi diýlip çak edildi. 700,000 we 1,000,0000 ýyllyk bolandygy çaklanan Ýawa Adamysy tapylan wagtyndan yza hasaplanylan iñ gadymy tapyndylardy. Ýawa adamlarynyñ galyndylary 1900-nji ýyldan bäri Gollandiýada saklanylýar.
1. Arka plany:
Çarlz Darwin adamzadyñ Afrikada dörändigini çak edýärdi, sebäbi ol ýerler gorillalar we şimpanzeler ýaly uly maýmynlardan ybarat bolan ýerdi.
Darwin bu açyklamalary saklanyp galan galyndylary ýerbe-ýer goýmazdan öñ hiç hili tutarygy ýok wagty aýdan eken. Geolog Çarles Lýell, Alfred Russel Wallace ýaly Darwin bilen pikirdeş alymlar olar (Adamzat Gorilla we Şimpanze maýmynlardan emele gelen) ýaly pikirde däldiler. Sebäbi Lýell we Wallace, adamlaryñ Gibonlar we Orangutanlar bilen has ýakyn baglanyşygynyñ bardygyny barlagdan geçirdiler we Günorta-Gündogar Aziýany adamzadyñ başlangyjy diýip orta atdylar. Gollandiýaly anatomist Eugene Duboýis ikinji teoriýany saýlap aldy we şony hem dogrulamaga çalyşdy[2].
2. Trinil galyndysy (fosiller):
1887-nji ýylyñ Oktýabrynda Duboýis akademik kariýerasyndan peýdalanyp modern adamzadyñ atasynyñ galyndylaryny gözläp tapmak üçin Gündogar Hindi adalaryna gitdi[3]. Harby goşunda hirurg bolup işledi[4]. Iş wezipeleri sebäpli arheologik gazuw işlerini diñe 1888-nji ýylyñ tomus aýlarynda Sumatrada geçirdi[5].
Çokja göwüsli galyndyny tapmagy bilen hökümet onuñ ýanyna iki sany tejribeli we elli sany işçi ýollady[6]. Gözlän tapyndylary tapylmansoñ 1890-njy ýylda Ýawa göçmeli boldy[7].
Duboýis (Dubois) 1891-nji ýylyñ Awgustynda Solo derýasynyñ kenarynda Trinilde gözleg işlerini dowam etdirdi[1]. Görnüşi bir diş (Trinil 1) we we kelle süñki (Trinil 2) orta çykardy. Duboýis bu görnüşe ilki bolup ''Antropopitek'' ady berdi. Sebäp diýseñ meñzeş görnüşini 1878-nji ýylda Hindistanda tapypdy. 1892-nji ýylyñ Awgustynsa Duboýis adamyñka meñzeş uzyn çüýjük süñkünden dyz aralygyndaky süñki tapdy. Örän garry heleýe degişli bolandygy çak edilen Dubois, görnüşiñ adyny ''Antropopitek erektus'' diýip üýtgetdi[9]. Duboýis 1892-nji ýylyñ soñlarynda tapyndynyñ kelle süñküniñ bir böleginiñ 900 santimetr kub bolandygyny açyp, bu görnüşi adamlar bilen maýmynlar arasyndaky bir geçiş forumy bolandyr diýen netijä geldi[10]. 1894-nji ýylda[2] görnüşiñ adyny ''Pitekantrop erekt'' diýip üýtgetdi[3].
3. Kelle we aýak süñki:
Ýawa adamsynyñ kelle süñkiniñ 1922-nji ýylda tapylan görkezmesi (Trinil 2 görä gurnaldy). Ýawada tapylan adam süñki 170 sm uzynlykdady we aýak süñki modern adamzat süñki diýlip kabul etdi[1]. Kelle süñki galyñdan iridi we gaşy çykyndydan ybaratdy. 900 santimetr kub bilen kelle süñki beýleki H. erekt görnüşlerinden has kiçidi. Adam dişleri bilen birlikde it dişleri hem bardy[1]. Ýawa adamsy beýleki Homi erektlar ýaly seýrek duşýan görnüşleriñ biridi[4]. Ýawa adamsy ýiti gabyk ýaly zatlary ulanyp eti kesendigini tapyndylar şaýatlyk etdi[5].
4. Gyzgalañly barlag
Käbir arheologlar Homo erekt adamlarynyñ şol döwürlerde-de ot ýakandyklaryny tassykladylar[6]. Trinilde Ýawa adamsynyñ tapyndylarynyñ ýanynda ýaşy 500,000 bilen 830,000 ýyl aralygynda bolan ýanan odunlar tapyldy. Ýöne merkez Ýawa wulkanik etrap bolany üçin bu tapyndy Ýawa adamsynyñ ot ulanandygynyñ ýeterlik subutnamasy däldir[6].
Peýdalanylan çeşmeler:
1. "Java Man (extinct hominid) – Encyclopaedia Britannica". brittanica.com.
2. Mai, Larry L., Marcus Young Owl, M. Patricia Kersting.
3. "Images of Trinil 2".
4. Stom, Paul.
5. Choi, Kildo and Dubel Driwantoro.
6. James, Steven R. (February 1989).
Alynan çeşmesi: http://talyplar.com/posts/25428
Pitekantrop ilkidurmuş adamlary
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
10-07-2021, 14:55