Albert Eýnşteýn (14 Mart 1879 – 18 April 1955) — Modern fizikanyň 2 sütüninden biri bolan. Otnositellik teoriýasyny; kwant teoriýasyny we statistk fizikany esaslandyran Germaniýada doglan fizik.
Doglan wagty 14 Mart 1879
Doglan ýeri Ulm
Aradan çykan wagty 18 Aprel 1955
Okuwy ETH Zýurih
Käri Fizikaçy
1900-nji ýylda Sýurih politehnikumyny tamamlady. Ondan soňra ilki Winterturda, soňra Şafhauzende mugallym, Berndäki federal patent býurosynda ekspert (1902—1909); Sýurih uniwersitetinde professor (1909), Prussiýa we Bawariýa Ylymlar Akademiýasynyň agzasy (1913), Berlin uniwersitetiniň professory we fizika institutynyň direktory (1914) hökmünde işledi. Şol ýyllarda Eýnşteýn otnositellik teoriýasynyň, şöhlelenmäniň kwant teoriýasynyň, statistik fizikanyň, Broun hereketiniň we şöhlelenme teoriýalarynyň üstünde işledi. 1921-nji ýylda Fotoeffekt kanunlaryny açanlygy we teoretiki fizika baradaky işleri üçin Nobel baýragy bilen sylaglandyryldy.
Albert Eýnşteýn
Bilim,
King
tarapyndan
10-07-2021, 21:47