Geçen saparky bloklarymyzda biz Ýeriň togalakdygyna degişli /http://www.islenen.ru/86-tekiz-yer-teoriyasyny-cuyredyan-subutnamalar.html/ makalalarymyzy Seljuklar eýýamynda ýaşap geçen Şemseddin Ebu Bekr Muhammet ibn Ahmet ibn Bişr Haraka salgylanmak bilen gadyrdan Tekiz Ýerçilere hödürläpdik.
Bu sapar bolsa biz tekiz ýerçilere Aýyň üstüniň ýagtylanyşyna, ýagtylygynyň artyşyna we kemelmegine degişli subutnamalary ýokarda ady agzalan musulman astronomynyň '' كتاب النجوم '' Kitab al Nejm'' atly kitabyndan getirip bermekçi... Her näme-de bolsa alym, alym bolýar. Obserwatoriýada Asman giňişligine seredip, gözegçilik edýän alymlaryň işleri başgaça bolýar we biz olardan köp zatlary öwrenmeli bolýarys...
Tekiz ýerçi Hantöre ýaly: ''Bizi aldaýarlar, ylymda bize ýalan sözleýärler'' diýip özümize ylym-bilim beren alym-ussatlara '' ýalançy '' diýip atanak çekibersek ýokarda ady geçen ussat alymada biz ýalançy diýdigimiz bolardy ýa-da onuň gözegçilikli bitiren işlerine şübhe bilen seretdigimiz bolardy. Şübhe etmek bolsa imandan /ynançdan/ aýyrýar. Hantöre öňki makalalarynda Aýyň ýagtylygy, onuň Asmanyň aşagynda hereket edişi we Aýyň tutulmagyna degişli gipotezalaryny hödürläpdi...
Onuň gipotezalaryny gönüden çüýredip bolmaýan subutnamalary bolsa şu aşakdaky ýazgylarda okap bilersiňiz...
Umuman Gün bilen Ýeriň aralygyna Aýyň girmegi Tekiz ýerçilerde bolup biljek zat däl, özem Aýyň ýagtylygy, dönüşine degişli gaty köp maglumatlary alaryn diýseňiz geliň:
Ymam Şemseddin Ebu Bekr Muhammet ýokardaky agzalan kitabynda şeýle diýýär:
''Aýyň özünde ýagtylyk ýokdur. Ol Günüň özüne düşýän şöhlesinden ýagtylanýar. Bu jähetden Aýyň reňki solan eşige meňzeşdir. Eger eşige reňk berilse, onda onuň öňden reňki bar ýaly bolup görüner. Aýalyň zynaty eşikden alşy ýaly, Aý hem Günden ýagtylyk alýar.
Aý Günüň garşysynda dursa, onda Aýyň ýarysy ýagtylanar. Aý bilen Gün bir nokatda jemlense, Aýyň ýokarky ýarymy ýagty bolar. Onuň biziň garşymyzda durýan aşaky ýarymy bolsa garaňky bolar. Beýle ýagdaýda Aý Gün bilen Ýeriň aralygynda ýerleşen. Çünki, Aýyň iki ýarymynyň biri ýagtylygyň, beýleki ýarymy bolsa garaňkylygyň gurşawynda bolýar.
Garaňkylyk - ýagtylygy özünden aýryjy töwerekdir. Eger Aý Günüň parallelinden gyşarsa, aralyk 12° /gradus/ ýa-da ondan köp ýa-ha az bolsa, onda ýagtylanýan ýarym aşak tarapda bolar, garaňkylyk bolsa ýokarky tarapa gider.
Aýyň Gün bilen arasy artsa, Aýyň üstüniň ýagtysy hem artýar. Aýyň ýagtysy Günüň hereketi sebäpli Aý Günüň garşysyna gelýänçä biziň gözümize görünýär. Beýle ýagdaýda Aýyň biziň garşymyzda durýan ýarymy ýagtylanýar. Çünki, bu wagtda Ýer Gün bilen Aýyň arasynda durýar.
Soň Aý garşy durmadan geçýär, gündogar tarapdan Güne ýakynlaşýar we Aýyň garaňky tarapy Gün hereket etdigiçe bize tarap aýlanýar. Aýyň ýagtysy günbatara tarap we gündogarda Günüň ýagtysynda ýitýänçä kemelýär. Soňra Aý Günüň ýakynyndan geçýär we günbatarda dogýar. Eger Aýyň hereketi çalt we ini demirgazyk ekliptikada bolsa, onda Aý Günüň şöhlelerinden aşakda ýerleşýär we çala görünýär. Aýyň ahyrynda Aý säherde gündogarda, indiki gün bolsa orak şeklinde bolup, günbatarda görner.
Aýyň başdaky halyna dolanmagyna ''Aýyň gädilip, orak şekiline gelmegi'' diýilýär. Çünki, beýle halda Aýyň diňe orak şekilli bolup görünýän ýeri diýäýmeseň, başga ýeri gözümize ilmeýär.
Eger Aýyň hereketi haýal we ini günorta bolsa, onda ol Günüň şöhleleriniň astynda bolar we üç günläp görünmez. Beýle ýagdaýda Aýyň orak şekili dördünji gün görner''.


Taýýarlan: Jeksparro

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 11-07-2021, 23:40

  • Khanture Khanture off № 1 12 июля 2021 01:29
    Umuman Gün bilen Ýeriň aralygyna Aýyň girmegi Tekiz ýerçilerde bolup biljek zat däl,
    nama esaslanyp beyle diyyan. Ay gunden asakda hereket edyar we busenin aydanyny yalnyslayar. (Name ucin tekiz yer barada bilman gurleyaniz?)
    Onsonam kitapda getiren mysallaryn ahlisi dogry we bu hic hili tekiz yeri cuyretme dal.
    Aýyň özünde ýagtylyk ýokdur. Ol Günüň özüne düşýän şöhlesinden ýagtylanýar. Bu jähetden Aýyň reňki solan eşige meňzeşdir. Eger eşige reňk berilse, onda onuň öňden reňki bar ýaly bolup görüner. Aýalyň zynaty eşikden alşy ýaly, Aý hem Günden ýagtylyk alýar.
    Elbetde name ayyn yagtysy bar diyyan barmy ? (Bar kabir tekiz yerciler ayyn hususy yagtysy bar diyyar. Emma men olardan dal. Ol tuysli tekiz yerciler ayyn yagtysynyn bolmagyny, On dordunji gijedaki dolan ayy mysal edyar, yagny gun yerin gapma garsy tarapynda dur, ortada yer dur. diyyar. Çünki, bu wagtda Ýer Gün bilen Aýyň arasynda durýar. Shonda nadip gun ayy yagtylandyryp biler? diyyar.)

    Jek sana sorag: Ayyn hemise bir tarapyny goryas, goryan tarapymyzda kraterler diysen kop, kraterler meteorit gacmasy netijesinde doran diyyar resmi ylym, Eger ayy yere dine bir tarapyny gorkezse, meteoritler nadip ayyn yere bakyp duran tarapyna dusup bilya?
    Jogap
  • geçip barýaka sowlan geçip barýaka sowlan off № 2 12 июля 2021 02:30
    Jaki kantur siziñ arañyzdaky meseläni bilemok ýöne ýer tekiz däl şona bilýä gardaşlar aý ýeriñ hemrasy hakykatda bolsa aý aýna meñzeýär ol gunüñ şöhlesini ýere serpikdirýär.
    Ýene bir hakykat şu wagtky yssy howa günüñ bir näçe ýyl mundan ozal ugradan tolkunlary netijesinde bolup geçýär. Olam şu wagt ky yssy howañ edil şol wagt günden gaýdan tolkuny däl şondada ýakyp barýar.
    Inni bolsa ýer tekizlere-aýdaýyn ýer tekiz bolsa näme sebäpden ýeriñ başlan gyç we gutaryş nokady ýok matematikada ýalñyşmasam a we b nokatlarda ýerleşýän tekizlik ýagny kesimiñ başlangyç we gutaryş nokady bar ýerem rekiz bolan bolsa hany şolar başlangyjy we ahyry öýinde bukan däldirlerä...
    Menden like jaky
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 3 12 июля 2021 02:48
    geçip barýaka sowlan,
    Yer tekiz we tegelek disk seklindedir. merkezi dg polyus, das toweregi gunorta polyus, yagny antarktida buzluklary. BMG baydagyndaky karta tekiz yer kartasydyr.
    Jogap
  • geçip barýaka sowlan geçip barýaka sowlan off № 4 12 июля 2021 02:53
    Kontr sen ýer şar dälde tekiz diýäñmi
    Şony diýän bolsañ men jedelleşmäge taýyn
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 5 12 июля 2021 03:24
    geçip barýaka sowlan,
    Howwa tekiz diýýän.
    Jogap
  • geçip barýaka sowlan geçip barýaka sowlan off № 6 12 июля 2021 04:34
    Kontr strice
    Diñle
    Tutyş astrnomýa ýalan sözleýän bolsa
    Bar ýalan sözleýärmişin

    1960-njy ýylda adam ýeriñ daşyna cykyp ýeriñ şardygyny gözi bilen görip gaýdy.

    Ýenede iñ kijik zat astranomýa fakultetine ekzamin tabşyrañda tekiz diseñ göni ýykýalar.

    Olam hiç bar şol tarelka ýaly bolsa ýeriñ gyralaryny adam görerdä näme üçin ýerde ýeriñ gyrasy diýip zat ýok.
    Tarelkañ gyrasy bara näme üçin gyrasy ýok.

    Olam hiç señ eliñde dyrnajyk ýaljak delil barmy

    Barşol delilem tapdyñ diýelidä türkmenistanyñ bilim minstrligine ol bolmasa türkmenistanyñ kosmod agenligine ýada nasa tassyklatdyp bilýäñmi.
    Gepiñ dogry bolýan bolsa iki sany türkmeni allama.
    Bir hili konr straýk oýun ýadyma düşýä
    Jogap
  • geçip barýaka sowlan geçip barýaka sowlan off № 7 12 июля 2021 04:35
    Dogry menä öz dawwalaşan temamy tassylatdyrdym bilime senem etdä gepiñ söziñ çyn bolsa

    Biderek iki sany türkmeni allaýañ
    Jogap
  • geçip barýaka sowlan geçip barýaka sowlan off № 9 12 июля 2021 04:52
    Wi billim sen magtymgulyñ goşgysyna diýän siñow ýer götere sary ökiz diýip

    Sen ýalylañ pikiriçe ýeri ullakan pyşdylyñ üssinde duran sekiz sany piliñ arkasynda duran üç sany uly kit balyk saklap duran dyrow kiçi çagalara aýdyp berilýän ertekide bardy şol surat
    Senem şoña ynanýañmy kontr straýk

    Ola çagalary allamak üçin aýdylýan erteki onnañam 6-njy klasyñ geografisynda geçipdik şol suraty

    Inni şol surat dogry dıýen bolşuñmy
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 12 12 июля 2021 11:20
    geçip barýaka sowlan,
    Ýok gowy dakdyň erbet däl! ?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 13 12 июля 2021 11:25
    geçip barýaka sowlan,
    1960-da adam gördi diýýäň, ýöne sen görmediňä...
    Ýeriň gyrasy bar. Ol dünýämiziň daş töweregini orap duran Antarktida buz diwarlary. Ol ýeri dünýäniň döwletleri ,,Antarktida ähtleşmesi" atly şertnama laýyklykda goraýar.
    Dünýädäki dûrli döwletlerdäki tekiz ýer tarapdarlary öz tejribeleri we hasaplamalary bilen dürli guramalara çykyş etdiler. Emma ol guramalar sesini çykarmady. Sesini çykaranlaram bolsa ,,Ýer togalak, ylym muny tassyk etdi" diymekden başgasyna ýaramady.
    Onsoňam ýazyşyň juda gülküli. ,,Gepiñ dogry bolýan bolsa iki sany türkmeni allama" adam bu sözi ýazmak üçin nädereje ,,akmak" bolmaly. Gepim dogry bolsa iki türkmeni aldadygym bolýamy? Eý türkmen, gepim dogry bolsa, ol dogry bolýar we hiç hili aldaw bolmaýar... :)))
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 14 12 июля 2021 11:33
    Wi billim sen magtymgulyñ goşgysyna diýän siñow ýer götere sary ökiz diýip 

    Sen ýalylañ pikiriçe ýeri ullakan pyşdylyñ üssinde duran sekiz sany piliñ arkasynda duran üç sany uly kit balyk saklap duran dyrow kiçi çagalara aýdyp berilýän ertekide bardy şol surat 
    Senem şoña ynanýañmy kontr straýk 

    Ola çagalary allamak üçin aýdylýan erteki onnañam 6-njy klasyñ geografisynda geçipdik şol suraty

    Inni şol surat dogry dıýen bolşuñmy




    Hehe, Häzirki resmi ylym gadymy adamlar baradada yalan sozleyar. Namemish, gadymky adamlar ylymsyzmyş, dünýäni öküz, balyk, pyşdyl göterýärmiş. Gaýtam gadymkylar bizden juda ylymlydy olar ýeri öküz göterýär diýip, Öküzi gadymda traktor hökmünde ýer sürmekde peydalanylyardy. Adamlary okuz janawar ekleyardi. Gadymy adamlar hem okuze hormat goyup, yeri okuz goteryar diyyardi. Kabirleri bolsa wagtynda hetden ashyp (Musa pygamber kowmy) okuzi huday diyibem cokunan....
    Ýer tekiz we bu gadymdan bäri gelýän hakykat emma mundan 500 ýyl ozal birileri yalan zatlary yaymaga bashlady. Kuranyng bir ayatynda sheytan ,,men adam oglunyn sagyndan cepinden , yzyndan we onunden azdyraryn" diyyar. Shuna iyman eden musulman nameucindir sheytan naletullanyng yeri togalak diyip aldayshyna guppe ynanyp otyr...
    Jogap
  • geçip barýaka sowlan geçip barýaka sowlan off № 16 12 июля 2021 12:35
    Ýaşyñ menden ulam bolsa kiçem bolsa şul mesele meni gaty gyzyklandyrdy özim talyp ýaş alym baýragynyñ eýesi bolamsoñ namys edýän birden men ýalñyş ylma ynanyp bören bolsam señ pikiriñem dogry bolsa birden.
    Şoñada namys edýän
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 17 12 июля 2021 12:53
    Yok men Ashgabatly dal. Ozum 1998-nji yyl
    Jogap
  • 1NumBer 1NumBer off № 18 12 июля 2021 15:02
    Khanture,
    Dos sen kellan bn ursanyna nace wagt bolday ??
    Jogap
  • geçip barýaka sowlan geçip barýaka sowlan off № 19 12 июля 2021 19:16
    Malades sözim ýok ýöne ýer tekiz diýän maglumatlaram bar eken ýöne elon musc şolara jogap tapypdyr gugldan gözläp gör
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler