Dünýäniň dürli ýerlerinde uzak wagtlap ýapyk ýa-da çäkli hyzmat edenden soňra gaýtadan açylan restoranlar mahabat maksady bilen dürli çäreleri durmuşa geçirýärler. Niderlandlardaky “De Dalton” restorany bolsa has täsin mahabat işini amala aşyrdy. Restoranyň baş aşpezi dünýäniň iň gymmat gamburgerini taýýarladylar we onuň girdejisini haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi. Gamburger 5 müň ýewro satyldy. Restoranyň ýolbaşçylary ony iň gymmat gamburger hökmünde hasaba almaklary üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna hem ýüz tutdular.

Paýtagt Amsterdamyň etegindäki Wortuýzen etrabyndaky restoranyň baş aşpezi Robbert Ýan de Winiň taýýarlan tagamyna “The Golden Boy” diýip at beripdirler. Gamburgeri “Remia International” holdingi satyn alypdyr.

De Win dünýä rekordyny goýmagyň çagalyk arzuwydygyny belleýär. Gamburger dürli deňiz önümleri we beýleki iýmitlerden taýýarlanypdyr. Onuň üstüne bolsa, iýip bolýan altyn külkeleri sepilipdir. Baş aşpez haýyr-sahawat gaznasyna geçirilen pul arkaly müň sany azyk bukjasynyň taýýarlanyp, mätäçlere paýlanjakdygyny mälim etdi.

De Win rekord üçin ýüz tutmazdan ozal, Ginnesiň rekordlar kitabynyň arhiwini agtarypdyr. Netijede, iň gymmat gamburger rekordynyň 2011-nji ýylda ABŞ-nyň Oregon ştatyndaky restoranlaryň birine degişlidigini anyklapdyr. Aşpez agramy 352,4 kilogram bolan şol gamburgeriň bir adam üçin niýetlenilmändigini, şol sebäpli ondan hem gowy gamburger taýýarlap biljekdigine göz ýetirendigini belleýär.

De Win bu gamburgeri nähili iýmitlerden taýýarlamalydygyny anyklamak üçin 5 aý işläpdir. Ähli zat anyk bolandan soňra bolsa, ony 9 sagatda taýýar edipdir. Ýeri gelende aýtsak, aşpez satylan gamburger bilen deňeçer ýene bir gamburger taýýarlandygyny belleýär. ?

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Abaddon tarapyndan 17-07-2021, 11:43

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler