Dünýäniň iň gymmat ulagy
Angliýanyň lýuks awtoulag öndüriji brendi “Rolls-Royce” ýörite işlenip düzülen “Boat Tail” atly ulagyny tanyşdyrdy. Bahasy 20 million funt sterling bolan ulag 2019-njy ýylda 11,5 million funt sterlinge satylan “Bugatti La Voiture Noir”-iň rekordyny täzeledi. Ýörite sargyt esasynda ýasalanda ulaglaryň bahasy adatdakysyndan has gymmat bolýar. “Rolls-Royce Boat Tail”-iň yz tarapynda nahar iýilýän stol, içimlikler üçin sowadyjy, aýlanýan kiçi stollar, açylyp-ýapylýan oturgyçlar we saýawan bar. Yz tarapdaky gapaklar açylanda, ganata meňzeýär. Içki dizaýnda, öň tarapda Şweýsariýanyň iň meşhur sagat öndüriji kompaniýasy bolan “BOVET 1822”-niň sagatlary ýerleşdirilipdir. Sagatlaryň biri goşara dakmak niýetlenen bolsa, beýlekisi ulaga oturdylypdyr. “Coupe” görnüşli ulagyň uzynlygy 5,8 metr bolup, üsti açylyp-ýapylýar. “Phantom” modeliniň bazasynda döredilen ulagyň kapotynyň aşagynda göwrümi 6,75 litrlik goşa turboly V12 motor bar. Bu hereketlendirijiniň kuwwaty 563 at güýjüne barabar. Ulagdan bary-ýogy üç sanysynyň öndürilendigi mälim edildi. Ulaglary kimleriň sargyt edendigi aýdylmady.
ceshme zaman gazeti
ceshme zaman gazeti
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет