Erbet zatlar, erbet günler bolýar. Interwýu isleýşiň ýaly bolmaýar, kofe edilýän enjamyň döwülýär, duşuşyga barýarkaň itiň b*kuna basylýar, garaz gowy däl zatlar başymyza gelýär. Bu gowy bolmadyk zatlary tutuşlygyna aýryp bolmasa-da, keýpimizi götermek üçin gysga wagtda käbir zatlary edip bileris.
1 minutda edip boljak zatlar:
1. Bökmek – bökeniňde ýüregiň çalt urmagy seni begendirjek endorfinleriň bölünip çykmagyna getirýär.
2. Käbir yslary ysgamak – pyrtykal, lawanta ýaly zatlary ysgamak siziň aladalaryňyzy azaldyp keýpiňizi göterip biler.
3. Sakgyç çeýnemek – sakgyç çeýnelende edilýän hereket stresi azaldyp biler.
4. Şokolad iýmek – şokolad bizi begendirýär (muny ozalam bilýäs).
5. Ýaşyllyga çykmak – reňk psihologlary ýaşyl begenjiň nyşany diýýär. Ýaşyl zatlaryň ýanynda bolmak hem sizi begendirip biler.
5 minutda edip boljak zatlar:
1. Şükür edýän zatlaryň barada pikir etmek – ýa-da olary bir kagyza ýazmak durmuşyňyzda gowy zatlaryň bolup duranlygyny ýatladar.
2. Başgalara kömek etmek – hawa, gowy bolmak gowy duýmagymyza getirýär. Daýzalaryň elindäkileri götermäge kömek etmek ýaly kiçi zatlar hem gowy.
3. Dostuňa ýa söýgüliňe olary nähili gowy görýändigiňi SMS ýazmak – beýle etmek bilen hem gatnaşygyňyzy gowulaşdyrarsyňyz, hem-de söýülýändigiňizi, sylanýandygyňyzy duýarsyňyz. (ýalan zatlary ýazmak biderekdir ýöne)
4. Öý haýwany bilen wagt geçirmek – ol bilen oýnamak stresiňizi azaldar we begenersiňiz.
5. Gülkünç wideo görmek – gülmek keýpi göterýär, gysga wagtlyk wideo görüň.
6. Geýinmek – bu özüňe ynamyň artmagyna kömek edýär, gyzyl reňk has hem şeýle.
File engine/modules/thanks.php not found.