Ýeterlik uky adamyň fiziki we ruhy taýdan sagdynlygy üçin uly ähmiýete eýedir. Beden we beýni ýadawlygy çykarmak, günüň dowamynda öwrenilenleri gaýtadan işlemek, bedeniň nähoşluklaryny aradan aýyrmak, bedendäki azalan maddalaryň öwezini dolmak üçin uka zerurlyk duýýar. Uky doly alynmadyk ýagdaýynda bedeniň gorag ulgamyna hem oňaýsyz täsir edýär. Emma käbir adam dürli sebäplere görä, ýeterlik derejede ukusyny alyp bilmeýär. Eýsem ukyny ýeterlik derejede almak üçin nämelere üns bermeli? Geliň, bu ugurda lukmanlaryň berýän maslahatlaryna seredeliň!
Wagtly-wagtynda uklamak. Her gün şol bir wagtda uklamagy, belli wagtda turmagy endik ediniň! Bu düzgüni dynç günleri azda-kände üýtgedip bilersiňiz! Bu tapawut bir sagatdan köp bolmaly däl. Her gün 23:30-dan gijä galman ýatmaga we 7-8 sagat uklamaga synanyşyň!
Irkilmäň! Eger agşam wagty bilen ukyňyz gelmeýän bolsa, gündiz az salymlyk ukudan gaça duruň! Sebäbi gündizki uky agşam wagtynda ýatmagyňyza päsgelçilik döredip biler. Eger gündiz uklamak isleseňiz, ol 30 minutdan geçmeli däl!
Tebigy ýagtylykdan peýdalanyň! Irden turanyňyzda azyndan 20 minut açyk howada gezmeläň! Bu siziň bedeniňiziň tebigy ýagtylykdan peýdalanmagyna ýardam eder. Eger ýeterlik wagtyňyz ýok bolsa, ir bilen Gün düşýän otagda ýa-da howluda ertirlik edinip bilersiňiz.
Agyr naharlanmaň! Agşam naharyny ýatmazdan birnäçe sagat öň iýiň! Düzüminde şeker köp bolan iýmitler hem ukyňyza oňaýsyz täsir edip biler. Agşam nahardan soňra açyk howada biraz gezelenç etmek maslahat berilýär.
Sport we maşk! Sport bilen meşgullanmak ýa-da maşk etmek rahat uklamagyňyza ýardam edip biler. Emma ýatmazdan 3-4 sagat öň sport ýa-da maşk bilen meşgullanmagy bes ediň! Eger gündiz wagtyňyz ýok bolsa, ýatmazdan öň rahatlandyryjy ýeňil hereketleri edip bilersiňiz!
Tehnologiýadan daşlaşyň! Kompýuter, smartfon ýa-da beýleki ýagty saçýan tehnologiýa enjamlaryny ýatylýan otagda saklamaň! Bu enjamlaryň ýagtylygynyň oýaryjy täsiri bolýar. Ýatmazdan öň suwa düşmek, kitap okamak we pessaý saz diňlemek rahat uka batmagyňyza kömek edip biler.
Garaňkyda uklaň! Eger ýatylýan otagyňyza daşardan ýagtylyk düşýän bolsa, onuň öňüni almak üçin penjiräňize galyň perde tutuň! Otagyňyzyň temperaturasy 21-22 dereje bolmaly!
Eger ukyňyz tutmaýan bolsa, gözi açyk ýagdaýda düşekde ýatmaň! Ýeňil hereket etmek, kitap okamak ukyňyzyň gelmegine ýardam edip biler !
Ukusyzlygyň öňüni nähili almaly ?
Täzelikler,
Abaddon
tarapyndan
25-07-2021, 08:47