Gaiti we Guam döwletleriniň baýdaklarynda palmanyň şekili ýerleşdirilendir.
Adatça yssy ýurtlarda ösýän hem bolsa Hytaý ýelpewajy palmasy («Trachycarpus fortune») 17 derejä çenli sowuga çydaýar. Owganystanyň daglyk sebitlerinde ösýän «Nannorhops richtiana» 22 derejä çenli sowukda hem ösýär.
Seýşel adalarynda ösýän kokosyň («Lodocia maldivica») tohumynyň agramy 22 kg-a ýetýär.
Madagaskar raffiasy palmasynyň («Raphia farinifera») bir ýapragynyň uzynlygy 20 metre ýetýär.
And daglarynda ösýän «Ceroxlon alpinum» palmasynyň boýy 60 metrden geçýär. Paragwaýda ösýän girdenek palmasynyň boýy 10-15 santimetrden geçmeýär.
Bütin dünýäde iň köp ýaýran hem-de medeni taýdan ösdürilip ýetişdirilýän palmalar kokos («Cocos nucifera») we arap hurmasy (Phoenix dactylifera) hasaplanýar. Sebäbi palmanyň bu iki görnüşi gymmat bahaly bol hasyl berýär.
Afrika ýag palmasy («Elaeis guineensis») hem azyklyk ýag almak üçin köp mukdarda ösdürilip ýetişdirilýär.
Demirgazyk Afrikada we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda irki döwürlerden bäri ösdürilip ýetişdirilýän hurma XIX asyrda Meksika äkidilýär. Boýy 18-24 metre ýetýän hurmanyň ýapraklary 6 metr töweregi bolýar. Onuň äpet hoşasy ýapraklaryň astynda bolýar.
Gury hurmada şekeriň mukdary 75-85% bolýar. Hurmanyň käbir görnüşinden şeker hem alynýar. Süýri çigidini 2-3 gije-gündiz suwda goýup, şineländen soňra ekseňiz, otag ösümligi hökmünde peýdalanyp bilersiňiz.
Köp ýurtda palma ýapraklary jaýlaryň üçegini basyrmak, torba, sebet we başgap örmek üçin peýdalanylýar. Hatda palma ýapragyndan kagyz hem öndürilýär.
Palmalar barada
Täzelikler,
Abaddon
tarapyndan
25-07-2021, 08:52