1)Iki sanyñ biri beýlekisinden 513 san artyk, eger olaryñ ulusyny kiçi sana bölsek paýda 4 alnyp, galyndy 78 bolar. Şol sanlary tapmaly.
2)Gipotenuzasy bir meñzeş bolan göniburçly üçburçlugyñ içinden iñ uly perimetrlisini tapmaly.
3)4 belgili san 400 sanyñ yzyndan ýazylanda takyk kwadrat alynýan bolsa,onda şeýle 4 belgili sanlary tapmaly.
4) 523... sanyñ yzyndan 3 sifr ýazmaly, şunlukda alnan 6 belgili san 7-ä, 8-e,9-a bölünmeli. Ol sanlary tapyñ.
5)Jemi 396-a deñ bolan 4 sany tapmaly. Şunlukda eger 1-nji sana 5 goşulsa, 2-nji sandan 5 aýrylsa, 3-nji sana 5 köpeldilse, 4-nji sana 5 bölünse onda şol 4san bir birine deñ bolýar. Ol sanlary tapyñ.
Geliñ azajyk kellani işledeliñ. Meseleler kyn däl. Üstünlük hemma.??
Jogaplaryñyza garaşýan..??
Añsat meseleler... (Geliñ pikirleniñ, çözüñ)
Täzelikler,
Oraztaganova_
tarapyndan
29-07-2021, 12:59