Köwüş gadymy Gresiýada boýy beýgeldýändigi bilen meşhur bolup başlapdyr. Hut şol maksat bilen hem artistler şol döwürlerde ökje tarapy galyňrak bolan köwüşleri sahnada geýipdirler. Orta asyrlardaÝewropada tozanly köçelerde gündelik geýmek üçin agaçdan ýasalan ökjeli köwüşleri oýlap tapypdyrlar we ony “Sabo” diýip atlandyrypdyrlar. Gündogarda bolsa şonuň ýaly “Kabkab” diýlip atlandyrylýan köwüşleri gyzgyna aýaklary ýanmaz ýaly hammamda geýipdirler.
XV asyrdan başlap, Wenesiýada dürli gatlaklardan bolan aýallar käte 20 sm-e çenli ýetýän örän beýik ökjeli köwüşleri geýip başlapdyrlar. Arheologlar ökjeli köwüşleriň ilkinji tapyndylaryny XIV asyra degişli edýärler. Şol asyrlarda awa gidilende ýa-da atyň üstünde gezim edilende ökjeli köwşe bolan zerurlyk has-da ýüze çykypdyr. Şonuň üçin üzeňňä basylanda typmaz ýaly köwüş tikýän ussalar ökjäni oýlap tapypdyrlar.
Ökjeli köwüşler ýaýrap ugrandan soňra, oňa harbylar üçin ýenebir täzelik goşulypdyr. Ýagny, pyýada goşundakylar uzak ýerlere ýöräp gidenlerinde ýokary hilli ädikler gerek bolupdyr. Şu maksat bilenem, köwüş ussalary köwşe agaçdan ýasalan rahat ökjeleri oturdyp başlapdyrlar, ýokarsyny bolsa deriden tikipdirler.
XVI asyrda ýokarsy hem-de ökjesi deriden tikilip, demir bilen berkidilen, aşagyna bolsa nal kakylan köwüşler çykyp başlapdyr. Ýöne beýle köwüşlerde ýöremek kyn bolupdyr we köwüşler sag we çep taýy tapawutlandyrylman birmeňzeş edilip tikilipdir. Rus dilinde ulanylýan “Kabluk” sözüniň türki dillerindäki “Ökje” manysyny aňladýan sözden gelip çykandygy çaklanylýar.
Ökjeli köwüşleri ilkibaşda erkekler geýip başlapdyrlar. Zenanlaryň arasynda bolsa olar XVII asyrlarda ýaýrap başlapdyr. Ökjäniň 20 sm beýiklikde bolany üçin ýöremegiň kyndygyna garamazdan, arkanyň dik saklanýandygyny, ýöreýşiň gözelleşýändigini göz öňünde tutup, zenanlar ökjeli köwüşleri geýmegiň tarapdary bolupdyrlar.
Soňabaka ädigiň we köwşüň ökjelerini moda görä, gök, ýaşyl, gara reňklere boýapdyrlar. Ýewropada gyzyl ökje aýratyn mana eýe bolupdyr. Sebäbi ýokary gatlakdan bolanlar gyzyl ökje geýýän ekenler.
XVII asyrda ädikleriň ökjesini gara boýap başlapdyrlar, gyzyl reňk bilen diňe köwüşleriň ökjesi reňklenýän eken. Karol Lýudowik XIV-niň döwründe moda bilen gyzyklanýanlara “Jenap gyzyl ökje” lakamyny beripdirler. XVIII asyrda Fransiýada Monarhiýanyň ýykylmagynyň öňýanynda intellektual gatlak gyzyl ökjeli köwüşleri şanyň köşkünde geýýän ekenler.
Oýlanyp tapylaly bäri, ökjeli köwşüň taryhynyň üsti ýetirilip durupdyr. XX asyrda inçejik ökjeli köwüş oýlanyp tapylypdyr. Ony oýlap tapanyň kimdigi belli bolmasa-da, inçejik ökjäniň ujuna demir kakan adam bize mälim. Ol ädikçi Salwadore Ferragomadyr. Onuň ady häzirki wagtda Florensiýadaky köwüş muzeýine dakyldy.
Ökjeli köwüšlerin taryhy
Täzelikler,
Mini
tarapyndan
30-07-2021, 09:20