Garyp baý meselesi gaty köp jedelleşilýär. Nämemiş, gyzlar garyp oglany söýenokmyş. Dosdum saňa bir zat aýdaýyn, ilki bilenä ýaşyň kiçidigi belli zat, şonuň üçin köp zada düşünmezligiň adaty zat. Saýtdakylaryňam köpüsi kiçi ýaşda öýtýän, sebäbi ýazan teswirlerinden bildirýär.
Bir gyzy söýeňde ony eklemek gerek, pully manyda däl, meselem kafe äkidersiň, aýlanaňyzda bold we ş.m zatlar alyp berersiň, göwnüni tapmak üçin sowgatjyklar alarsyň, olam pula durýan zatlar. Ýagny sen eklemäne güýjiň ýok bolsa senem öz derejäňdäki gyzy söýmäne mejbursyň. Meselem sen gowy maşyn aljak bolaňda şoňa gaty köp pul bermeli, sebäbi şo maşyn şoňa durýar. Sen azajyk pulyň bilen ol maşyny alyp bilmeýäň. Bu meselä hem şeýle seredip gör dosdum. Hiç bir gyzam özüni oňarmaýan, özüni ekläp bilmejek oglana ýüz beresi gelmez, we bu gaty adaty zat. Hakyky söýgi diňe süýjije duýgy, hakykat bolsa başga, geljekde eklenmeli çaga eklemeli, işlemeli we durmuşda yeriňi tapmaly, eger hakyky söýgi diýen bolup durmuş gursaňyz geljekde kösenersiňiz, sebäbi hakyky zat başlaýar, biri-biriň ýüzüne seredip oturmarsyňyza. Şo sebäpli yaş jüwütler aýrylyşýarlar. Umuman gyz eklenmeli, tembol gyzjagaşlar dogumlyja, ýanyp duran erkegiň ýanynda durmany kem görmez. Oglanam bu yerde düşünmeli, sen zaparož bolup prada bilen özüňi deňäp bilmersiňä.
Meselem ene-atalaram gyzyny ekläyjek, işlije birine beresi geler. Garyp bir oglana öz gyzyny kim dözesi geler, iň bolmanda sen dözersiňmi ? Seniň dosdyň söýen gyzy hem gaty owadanja gyzdyr, sebäbi dosduň ýapyşyk ýatmagyndan belli, we owadan bir gözel gyz maşynlyja jaýlyja bir erkegiň yanynda bolasy geler. Hakyky söýgi diýilýäne ilki gowja düşüniň, ilki okuw, jaý, maşynjyk, soň köçelerde gyşaryp gez :) Ana onsaň hakyky söýgi başlanýar.
Başardygymça ýönekeýje dilde düşündirdim özä, galanynam ulalaňda düşünersiňda senem
Serik agzanyň ýazan temasyna jogap. Dosdum birem şeýle pikir et !
Sorag-jogap,
Wlad
tarapyndan
30-07-2021, 14:35