Salam hormatly agzalar.Giç ýagşy.Sorag-jogap sanymyza hoş geldiñiz.Başlalyñmy.Jogaplaryñ HEMMESINI BIR TESWIRDE BERMELI HAÝYŞ.Jogap bermek wagty 45 minut.Bilene 5m.

1.Egerde siz, şol bir tizligiñiz bilen,şol bir hereketiñiz bilen 100metr aralygy şor suwda çalt ,añsat ýüzüp geçersiñizmi ýada suyji suwda?

2.Okuwçylar tomus günleriniñ birinde Köytendaga syýahat etdiler.Dagyñ ýodajyklaryndan yöräp ýokarylygyna çykdylar. Olaryñ baran ýerinde,yurdumyzyñ iñ belent nokatlarynyñ biri bolan Aýry Baba görnüp durdy.Okuwçylar nahar bişirmek üçin eti iri-iri bölüşdidilerde gazana atdylar .Onuñ üstüne suw guýup,duzyny hem ýetirdiler.Bir sagat gaýnandan soñ sogan atmak üçin ,naharyñ etini barlap görseler,et henizem bişmändir. (Et garry malyñ eti däl,ýaş malyñ swejiý eti)Gazanyñ aşagynyñ odyny güýlendirip ýene-de bir sagat gaýnatsatlarda,et ýene bişmän rezin ýaly süýnüp durdy.Et näme üçin bişmedi? ( gysgajyk ýazaýyñ)

3.Meselem siziñ eliñizde iki sany garalan kümüş çemçesi bar. Siz ony arassalamak üçin birini syrçaly okara,birinäm alýumin okara salyp ,azajygam mukdarda çaý sodasyny guýup,suw bilen gaynatdyñyz,haýsy okaradaky kümüş çemçäñiz gowy arassalandy?(gysgajyk ýazaýyñ)

4.Kä bir guýularyñ suwyndan sabynlap eliñi ýuwjak bolsañ ,sabyn näme sebäpden kopurjiklemeýär?(gysgajyk ýazaýyñ).

5.Ýurdumyzda döredilen iñ irki birinji goraghana (zapowednik)?

6.Badhyz goraghanasy döredilende, (zapowednik) haýsy haýwanyñ,gaty azalýandygy sebäpli, ony goramak maksady esasynda doredilipdi?

7.Haýsy ýylan ķöpelende beyleki ýylanlar ýaly ýumurtga arkaly dälde,kiçijek ýylan çagasyny dogurýar?
ÜSTÜNLIK HEMRAÑYZ BOLSUN.

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, KeRVeN tarapyndan 30-07-2021, 22:31

  • bagtly ýigit bagtly ýigit off № 1 30 июля 2021 22:43
    1.sor suwda
    2.sebabi howa sowuk ot yanmayar.
    3.syrcaly okara
    4.guyun suwy sor bolsa
    5.repetek goraghanasy 1927-nji yylyn 27-nji oktyabry
    6.gulanlar we keyikler
    7.anokondo
    Jogap
  • Men sho Men sho off № 2 30 июля 2021 22:45
    1. Şor suwdan (oz pikirim)
    2. Dagyn usti sowuk bolaymasa
    3. Alyumin
    4. Suwy şir bolsa şeytyandir
    5. Repetek goraghanasy
    6. 150 sany gulan bar bolmaly, şolary saklap kopeltmek maksady bilen
    7. ---
    Jogap
  • Men sho Men sho off № 3 30 июля 2021 22:45
    4. Guýyn suwy şor bolsa şeytyandir
    Jogap
  • Elvan Elvan off № 4 30 июля 2021 23:01
    1. Suyji suwda
    2. Eti bashda gowy edip gowurmaly
    3. Syrchaly
    4. ----
    5. Repetek
    6. Gulan
    7. Suw yylan bolaymasa
    Jogap
  • KeRVeN KeRVeN off № 5 30 июля 2021 23:34
    1.Şor suwda çalt añsat ýüzüp geçersiñiz.Sebäbi şor suwlaryñ düzüminde duz köp bolandygy sebäpli ,dykyzlygy süyji suwuñkydan köp bolup,adama täsir edýän tekleýji güýç hem şonça köp bolýarMeselem Awazada ýüzmek ,süýji suwly köllerden,howdanlardan ş.m,añsat düşýär.

    2.Dagyñ üstüne näçe ýokary galdygymyzça,sonçada atmosferanyñ galyñlygy azalýar ýada başgaça atmosferanyñ basyşy sonça peselýär.Atmosfera basyşy näçe pes bolsa,suwuklygyñ gaýnamak temperaturasy hem şonça pesdir.Et hem pes temperaturada bişmedi.

    3.Alýumin okarada gowy arassalanar.Sebäbi kümüş bilen alýuminiñ arasynda elektrohimiki reaksia bolup geçýär.Şu ýerde alýumin we kümüş,sodanyñ erginine batyrlanda, galwaniki element emele gelýär.Sonda alyuminiý anod,kümüş bolsa katod hökmünde çykyş edýäler.Şeýlelikde alýuminiý eräp ergine geçýär.Katoda bölünip çykýan wodorod onda emele gelen gara örtügi -kümüş sulfidini gaýtaryp,onuñ ýalpyldysyny täzaden dikeldýär.
    4.Ýerasty suwlaryñ köpüsi talh bolýar.Talh suwda sabyn köpürjüklemeýär.Onda kir hem açylmaýar.
    5.Repetek goraghanasy. (zapowednik)
    6.Gulanlary gorap saklamak üçin 1941-nji ýylda Badhyz goraghanasy (zapowednik) döredilipdi.Sebäbi şol mahallar Badhyz döredilmänkä, gulanlaryñ sany ýurdumyzda barha azalyp diñe Badhyzyñ teratoriýasynda galypdy.Indi tüweleme Badhyz ýurdumyzda haýwanlaryñ we osumlikler dünýäsiniñ baý ýerleriniñ birine öwrülip gitdi.
    7.Gadiýuka atly ýylan ķöpelende ,kiçijek ýylan çagalarny guzlaýar.
    Jogap
  • KeRVeN KeRVeN off № 6 30 июля 2021 23:39
    Iñ köp dogry jogap beren Men sho agzamyz 4 jogap dogry beripdir.
    Gutlaýan nomeriñizi ýazaýyñ
    Jogap
  • bagtly ýigit bagtly ýigit off № 7 30 июля 2021 23:43
    Men nace soraga dogry jogap beripdirin
    Jogap
  • KeRVeN KeRVeN off № 8 30 июля 2021 23:50
    bagtly ýigit,
    3jogap
    Jogap
  • KeRVeN KeRVeN off № 9 30 июля 2021 23:51
    Men sho,
    Ýazaý nomeriñizi
    Jogap
  • KeRVeN KeRVeN off № 10 30 июля 2021 23:53
    bagtly ýigit,
    Indikilerde hökman ýeñiji bolarsyñyz
    Jogap
  • Jokur Jokur off № 11 31 июля 2021 00:04
    Men sho,
    gutlen
    Jogap
  • Dj Yazzo Dj Yazzo off № 13 31 июля 2021 01:19
    Kerwen Malades günde gowy ýaryşlar geçirýäň sen tüweleme!!!???
    Jogap
  • KeRVeN KeRVeN off № 15 31 июля 2021 01:39
    Goldaýanyñyz üçîn köp-köp sagboluñ
    Jogap
  • Men sho Men sho off № 16 31 июля 2021 20:13
    Sagbol agam gecdi ishlenizde ustunlik arzuw edyan!!!
    Jogap
  • KeRVeN KeRVeN off № 17 31 июля 2021 21:28
    Men sho,
    Sagboluñ,minnetdar.
    Jogap
  • KeRVeN KeRVeN off № 18 31 июля 2021 21:32
    Hemmaniziñ işiñizde,okuwyñyzda üstünlikler hemrañyz bolsun.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler