Görk-görmege aşyk kändir
jahanda,
Ýöne meniň kimin söýýän
tapylmaz.
ugrunda men ölsem diýer haçanda,
Ölmeli bolanda ölýän
tapylmaz!

Aklym alyp, telbe edipdiň tas meni,
Gara saçlaň halka edip as
meni,
Saherler oýanyp bagra bas
meni,
Günortan göreniň öýlän
tapylmaz!

Meger men deý yşga düşen bende ýok,
Ýalan ýaşryk näzirgemek
sende ýok,
Şelaýyn söz boş wadalar
mende yok,
Mendeý dogrujasyn sözlän
tapylmaz!

Yşk bir şöhle- her kim gözün
gapdyrar,
Yşk bir derýa müň Tahyry
akdyrar,
Oduňda tutaşyp, ýanan
ýapdyrar,
Men deý kebap bolup,
köýýän tapylmaz.

Kim ýeter myrada jigerin
ýakman,
Aşyga, elbetde, örtenmek
hökman,
Waspyňa söz gözläp, gijeler ýatman,
Gara gözňe ganlar öýýän
tapylmaz!

Dünýä bir ýalançy, boş söze ökde,
Gaç onuň ýanyndan göterip ökje,
Aýdýan kändir ýok sözleri
ýürekde,
Ýöne çyny bilen öwýän
tapylmaz!

Adam dünýä geler ondan
ötmäge,
Gara gözleň çuňlugynda
ýitmäge,
Soňky günde meň üstüme
örtmäge,
Don tapylar, sary öýmäň
tapylmaz!

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Perishdejik tarapyndan 4-08-2021, 22:35

  • Jeksparro Jeksparro off № 2 4 августа 2021 23:04
    Ýazgyny haladym ...
    Jogap
  • geçip barýaka sowlan geçip barýaka sowlan off № 3 5 августа 2021 01:25
    Menen kapitan halady diýip halajakdym welin goşgyny öziñ ýazdyñmy.
    Göwün üçin mendenem lik
    Jogap
  • Mähri Mähri off № 4 5 августа 2021 06:03
    like
    Jogap
  • Perishdejik Perishdejik off № 5 5 августа 2021 08:51
    geçip barýaka sowlan,
    yok ozim yazamok
    Jogap
  • Şeker Şeker off № 7 5 августа 2021 13:41
    Like
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 8 5 августа 2021 18:23
    Hotýaby goşgyň göwni üçin awtorynyň adyny bir ýazaýmaly-da!? ?
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 9 6 августа 2022 14:02
    kimiň goşgysy
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler