Garaňky gatlyşanda Merdan ejesine dostlarynyňka barýandygyny, özem gijiräk geljekdigini aýdyp öýden çykyp gitdi. Dosty Aşyryň öýünde gözlerini gyrpman pleý steýşn oýnady. Iýdiler-içdiler agşamlyk edindiler. Nahardan soň ýene oýunly ekeranyň başyna geçip oýun-oýnadylar...
Gorkunç kinolaryň esasynda düzülen bu oýnuň täsirinden çykyp bilmedik Merdan ahyry öýlerine gaýtmaly boldy. Dosty Asyr bilen hoşlaşyp gapyny ýapyp podezdan aşaklygyna düşdi. Pyýadalaryň ýöreýän ugry bilen ýoräberdi. Duralganyň gabadyna ýeteninde duralganyň oturgyjynda bir gysym ýaly halta durdy. Merdan bu nämäniň haltasyka diýip duralga tarap sowuldy. Soň müýnürgäp, içini gepledip aýak çekdi. Bu haltada adamynyň jesedi bar bolaýmasyn diýip güman etdi. Yza çekilmekçi boldy. Ýöne onuň halta diýip güman eden zady hereketlenip başlady. Merdanyň ýüregi agzyna geldi. Seretse ak eşikli, ýaşy gartaşan bir daýza küýkerip oturan eken. Ol Merdana tarap eýmenç gözlerini aýlap oňa tarap azgyrylyp, gygyrmaga durdy. Ýaranyň üstüne turan gelmesin diýen ýaly, daýzanyň gykylygy edil gorkunç kinofilmlerdäki wampiriň ýa-da zombiniň gykylygyna meňzeşdi. Onuň elhenç keşbine hem gohuna ýüregi ýarylan Merdan yzyna seretmän dosty Asyrlara tarap ökjä tüýkürenini bilmän galdy. Şol gaçyp barşyna ol duralga tarap seretdi. Seretse ýaňky ak eşikli elhenç daýza duralgada ýokdy. Çep tarapyndaky pasyr-pusura gulak berdi. Çep tarapyna seretse ýaňky elhenç daýza etažlaryň ýüzinden güjük ylgaýşyny edip towsup gelýär eken. Muňa has hem beter hopugyp aljyran Merdan näme etjegini bilmedi... Diňe gaçmaly we bu hazan uran daýzadan gutulmalydy...
Merdan Raýonlykdaky etažlaryň arasyna gaçyp bukuldy. Bir dynjyny alyp gyra geçip oturdy. Eýlesine-beýlesine garanjaklady...
Onuň ýeňsesine gyzgyn damja dammaga başlady. Merdan bu damjany kondisionerden akýan suwuň damjasydyr öýtdi. Emma damjany elläp onuň ysyndan gandygyna göz ýetirdi. Merdan ýokaryk seretse ýokardan aşak pasyrdap uçup gelýän ak eşikli elhenç daýzany gördi we şol gije, etažlaryň arasyndan uly çirkin ses eşdildi...



@Jeksparro

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Jeksparro tarapyndan 4-08-2021, 23:00

  • Jeksparro Jeksparro off № 2 4 августа 2021 23:06
    Ejesinin erkesi,

    Ejesiniň arkegi diýip ýazjak bolduňmy ýa erkes sözüniňem özboluşly manysy barmy!?
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 4 4 августа 2021 23:12
    Ejesinin erkesi,
    şol ýerde gutarýar, ýene başga-da gorkunç gyzykly hekaýalar bar...
    Jogap
  • Ejesinin erkesi Ejesinin erkesi off № 5 4 августа 2021 23:13
    Jeksparro,
    ejesinin korpesi diymek isledim yone kop yerde ullanylmayanlygy sebapli erkesi diyaydim
    Jogap
  • Miss_minnosh Miss_minnosh off № 6 4 августа 2021 23:16
    Ejesinin erkesi,
    Ejesiniñ erkesi manysyna mn basgaca bilyan
    Jogap
  • Miss_minnosh Miss_minnosh off № 7 4 августа 2021 23:17
    Jeksparro,
    Adamyn yuregini ýaryañlai
    Jogap
  • Ejesinin erkesi Ejesinin erkesi off № 9 4 августа 2021 23:19
    Jeksparro,
    goyayda basgalarynam hezil etyande sun yaly gorkunc zat okamany
    Jogap
  • Miss_minnosh Miss_minnosh off № 10 4 августа 2021 23:21
    Ejesinin erkesi,
    Bizä erkäniñ manysy,,ejesine öz diyenini etdirýan"yaly gornusde ulanyas
    Jogap
  • Ejesinin erkesi Ejesinin erkesi off № 11 4 августа 2021 23:23
    Mnm edil seyleda bir aglasam yetya hemmani ayaga galdyryanMiss_minnosh,
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 12 4 августа 2021 23:31
    Miss_minnosh,

    ???
    Jogap
  • Miss_minnosh Miss_minnosh off № 15 4 августа 2021 23:46
    Ejesinin erkesi,
    Ay jana mena galdyranok ayaga kimi galdyrsynam?
    Jogap
  • Ejesinin erkesi Ejesinin erkesi off № 17 4 августа 2021 23:51
    Miss_minnosh,
    hehhe men saytda ozumi tanatmak islamok masgalamda aglayana oyumden cykdym aglamok
    Jogap
  • Ejesinin erkesi Ejesinin erkesi off № 20 5 августа 2021 00:00
    MerdanGeldiyevv,
    Merdan siz hakda gidenoga bul gurrun seninkem birinin gurrunune menzede 8 mi 9 yyl ozalky gurruni gozgayara sumat
    Jogap
  • MerdanGeldiyevv MerdanGeldiyevv off № 21 5 августа 2021 00:38
    Ejesinin erkesi,
    Gyyyw gyz oýun edip aýdýanla waýýý
    Jogap
  • Miss_minnosh Miss_minnosh off № 23 5 августа 2021 00:42
    Ejesinin erkesi,
    Ýok jana oýun edenok,prosta tak oýun etya????
    Jogap
  • Miss_minnosh Miss_minnosh off № 25 5 августа 2021 00:51
    Ejesinin erkesi,
    Hany haçan çenli näziňi çekdirjek tanyşdyrda bol özüňi.
    Bellik:Näz gyza däl oglana çekdirilya jana
    Jogap
  • Black Wolf Black Wolf off № 26 5 августа 2021 10:20
    Jeksparro bashgada goyayda
    Jogap
  • Nesibe Nesibe off № 27 5 августа 2021 11:53
    ☆Örän hezil boldy☆
    Jogap
  • Ejesinin erkesi Ejesinin erkesi off № 28 5 августа 2021 12:21
    Miss_minnosh,
    bilyana sonun ucin oglanlar jydanoga tanysandan 1 2 gun son jyryalar
    Jogap
  • Yamanja Yamanja off № 29 5 августа 2021 13:39
    bu hekayyanyn onu nirdee
    Jogap
  • Yamanja Yamanja off № 30 5 августа 2021 13:40
    garasyan yene seylemowzzuklara :-)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler