Wagtyň suw kimin akyp geçişini, dünýäniň bolsa günsaýyn özgerşini duýýarsyňyzmy?! Asyrlarboýy dowam edip gelýän adam durmuşynyň bir hazynadygyna göz ýetirdiňizmi?!
Ynha… men ömrümiň aglaba bölegini ötürdim. Onuň soňuna ýetdim diýenimde ajaýyp ykbalymyň meniň üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyna has gowy düşündim. Häzir gün geçdigiçe bolsa bu mal-mülkümiň tükenýänini duýýan. Sagatma-sagat durman topraga kök uran damarlarymyň biri üzülýän ýaly, üstesine içime çekýän demim bedenime ýetmeýär. Hiç zat baky gelmeýär ahyryn, şonuň üçin menem günleriň birinde ýagty jahan bilen hoşlaşmaly bolaryn…
Ah, şeýle bir ýadadym. Ýadymda sanap soňuna çykyp bolmajak, diýseň köp ýatlamalarym bar. Başdan geçirmelerimi elime galam alyp kagyza ýazsam, tomlap-
tomlap kitap çykardy. Dilime dökülen sözler bilen beýan etsem welin nijeme gije- gündizler gerek bolar.
Meniň nirede ýaşanymy bilmek isleýänsiňiz belki.
Dagy etekläp oturan, aňrysyna-bärisine göz ýetmeýän göm-gök tokaýyň bir çetinde ýerleşýän kölüň kenarynda mekan tutdym. Hany, ynsanlar arzuwlarynda dünýäniň iň owadan ýeri diýip suratlandyrýar, ana, şol. Ýagny siziň, hyýalyny edýän ýeriňizde müň ýyllyk ömrümi ötürdim.
Jennet kimin ýerde ýaşaýan bu kimkä diýip oýlanýansyňyzdyr. Ýaşyl öwsüp, daş-töwerege bezeg berýän söwüt agajydyryn. Diýseň ullakan bolanym üçin töweregimdäki baglaryň iň uzyn şahalary hem meniň ýanymda örän kiçi görünýär. Uzak ýyllar bäri arassa howany içime çekip, ýagty jahanda döwran sürýän. Gözel tebigatda bolup geçen köp wakalara şaýat bolup, ýeri gelende durmuşyň agyr ýüküni, gamyny çekdim. Şol bir wagtyň özünde bolsa begenji, şatlygy, soňsuz söýgüni bütin bedenim bilen duýdum. Süýji arzuwlar edip, durmuşyň ajysyny hem datdym.
Ömrümiň dowamynda durmuşyň ajysyny, süýjüsini, begenjini, şatlygyny, gamyny, kederini dadyp ýaşadym. Emma iň zor günümde-de, iň bagtly günümde-de bir uly derýa sygynyp ýaşamak maňa şeýle bir lezzet berdi. Bu derýa ynsanlary biri-birileri bilen tapyşdyran, olaryň ýüreginde hemişe päkizeligiň, arassalygyň höküm sürmegini ýola goýan, soňy gelmeýän bir täsinlikdir. Şeýle ajaýyp derýanyň ady söýgüdir. Ol söýýän, söýülýän her kimiň kalbynyň töründedir. Aslynda, bedeninde ýüregi bolan ähli janly-jandaryň, hatda kiçijik garynjalar hem söýgi derýasynyň çuňlugunda ýaşaýarlar. Emma söýgi diňe ony duýana, söýmek üçin köňli telwas urana, ony başdan geçirýäne, sarpa goýýana özüni görkezýär. Älemiň çarhy hem söýginiň elindedir.
Beýle köp zady nireden öwrenendirin öýdýärsiniz?! Elbetde, durmuşdan. Başymdan geçiren ol ýüzlerçe ýyllarym maňa köp zada gowy düşünmegi öwretdi. Ondan alan ilkinji sapagymy maňa bir ene ýüregi berdi. Söýginiň bir ummandygyny, enelerimiziň gaýaýan gaýmalary, dokaýan halylary kimin azap talap etýän söýginiň ynsan kalbynda çäksiz owadanlygy, duýgy dünýäsini döretýändigini kiçijek ene ýüreginden öwrendim.
Nijeme ýyl mundan ozal bolup geçen bir wakany höwes bilen size gürrüň bermek isleýärin. Üstünden ýylar, aýlar, günler ötüp geçse-de, heniz düýn ýaly aňymda janlanýar. Gozasyndan açylan pagta ýaly dogan günüň astynda özümi şeýle ýalňyz duýýardym. Ol wagtlar häzirki ýaly başym asmana diräp durmaýardy. Ýerden bir barmak uzynlykda boýum bardy. Her öwsen şemal, üstüme gonan mör-möjekler, golaýymdan geçen her janly-jandar meni diýseň gorkuzýardy. Şol bir wagtyň özünde-de daş-töweregim meni özüne çekýärdi. Gök asman, al-ýaşyl öwsüp açylyp oturan güller ruhy goldaw bolýardylar. Ýöne men özümi gaty ýalňyz duýýardym. Kellämiň içinde müň dürli soraglar peýda bolýardy. Iň elhenç ýerem ol soraglaryň ýekesine-de jogap tapyp bilmän ýeke özüm ejir çekip tukatlanyp otyrkam birden şyrtyldy ýaly ses eşidildi. Nämäniň sesidigini anyklajak bolup üns bilen töweregime garanjakladym. Biraz salymdan mylaýym ses gulagyma degdi.
Şeýle ajaýyp ses kimden çykdyka diýip garanjakladym. Emma töwerekde hiç kim ýokdy.
— Salam, bu ýagty jahana hoş geldiň — diýip, ýene-de ýaňky mylaýym ses eşidildi.
Gaýta-gaýta töweregime seretdim hiç kimi göremokdym. Onda mylaýym ses gelýärdi.
— Eger meni gözleýän bolsaň onda kökleriň arasyna seret — diýdi.
Dykgat bilen köklerimiň arasyny göz atdym. Hakykatdan-da bir zat bardy. Bu zat düýn ýokdy ahyryn. Bu nämekä, nireden düşdükän diýen soraglar birden aňymda peýda boldy. Ol tümlügiň içinden şuglasyny saçyp jogap berdi.
— Men bir ene ýüregi. Ýyllar boýunça bir depäniň üstündedim. Emma düýn jala gelip asmanyň gözi açylana döndi. Şeýle bir ýagyş ýagdy welin meniň bolýan depäm birden syrygyp aşak gaýtdy. Men bolsa togalanyp bärik seniň kökleriň arasyna düşdüm. Seni görüp, seniň bilen gürleşmek isledim. Öz-özüňe soraglar berip jogaplaryny tapmak saňa agyr düşýär. Şol sebäpli-de kömek etmek isledim.
Ene ýüregi bir jany dünýä getiren bir jandyr. Onuň bilen tanyş bolanyma diýseň begendim. Sebäbi maňa diňe ene ýüregi düşünip bilerdi. Oňa birgiden sorag berdim. Hemmesiniň jogaby häzir boldy. Aýdýan sözleri ýüregime jüňkdi. Aýtmagyna görä, dünýädäki hiç bir janly-jandar ýalňyz dälmişin. Taňry bilen birlikdemişinler. Ýaradanlaryny ýalňyz goýman olaryň hemişe ýanlarynda bolup, gyzgyn mährinden, söýgüsinden doly gujagynda saklaýarmyşyn.
Ene ýüregi arman-ýadaman maňa durmuş hakyndaky bilýän zatlaryny gezekli-gezegine gürrüň berýärdi. Men bolsa ony uly höwes bilen diňleýärdim.
— Bir wagtlar men örän owadan, mylaýym hem ýaş zenandym. Bir bäbejigi dünýä getirjegim meniň üçin begençdi. Ýaş bedeniň içinde gün saýyn ulalýan jan berdim. Onuň gitdigiçe ösýändigini duýmak uly bagtdy. Dokuz aý, dokuz gün, dokuz sagat dolup, jägildäp dünýä indi. Ähli zat şoňa görä ýaşalyp başlandy. Begense, gülse dünýäm aýdyňlanýardy. Aglaýsa welin ýagty jahany garaňky gaplap alyp, dünýämdäki yşk öçen ýaly bolýardy. Şeýdip ulalýardy. Bir gün ol ähli ynsanlaryň ilkinji dilinde bitýän sözi «eje» diýdi. Muňa durkum bilen begendim. Şeýdip bäbejik gün-günden özüni tutmana başlady. Bir gün emedekledi, soňra ýöremäge başlady. Ýene bir gün ylgady, ýuwaş-ýuwaş gürlemäni öwrendi. Bu ýagdaýlar ýüzümde nurana yşkyň döremegine sebäp bolýardy. Esasanda begenjim derýalaryň, ummanlaryň joşguny kimin joş urýardy.
Bir gün balam derýanyň kenarynda öz ugryna oýnap ýörkä birden güýçli akýan suwyň tolkunlarynyň arasyna düşdi. Jan howlyna bir söwüt agajynyň şahasyndan tutup ýetişen çagajygymyň gykylygy töweregi gaplap aldy. Sesiniň gelýän tarapyna ylgadym. Suwyň akymyna zordan çydap duranyny görüp, çagajygy dessime özümi suwa urdym.Ellerimi, tutuş göwrämi jan edip işletýärdim. Bir tarapdan gorky, ýene bir tarapdan bolsa derýanyň güýçli akymy bizi zor ýagdaýa goýupdy. Ony halas etmegi başarypdym. Ýöne deňagramlylygymy ýitirip, taýyp güýçli akymyň gollaryna düşdüm. Ýüzüp çykmagyma, jan etmekligime garamazdan, suwuň tolkunlary muňa rugsat etmedi. Ähli zat göz açyp ýumasy salymda bolup geçdi. Bu ýagty jahan bilen hoşlaşmalydym.. Allahyň bedenime beren sanalgy demimiň soňuna gelipdim. Birden ruhym peýda boldy. Al-asmana uçup gitdim. Özümi bolsa şu ýerlere getirip ýerlediler. Ine, şol günden bäri hem topraga garyşyp ýatyrdym. bolup geçen zatlaryň hiç birine gynanmaýaryn. Çünki maňa derek perzendim ýaşaýar. Tersine, bu başarnygym üçin men özümi bagtly duýýaryn.
Men:
— Gadyrdan ene ýüregi men söýgüniň nämedigine düşünmeýärin. Sende bar bolan şol söýgüden maňa azajyk beräýdä? — diýdim.
Ene ýüregi ýuwaşlyk bilen:
— Ýöne bir şertim bar — diýdi.
Uly hyjuw bilen:
— Näme isleseň etmäge taýýar. Ýüregimde söýgüniň uçgunjyklaryny duýsam bolýar.
— Bolýar, onda şertim şeýle. Indiden soňra diňe söýgi üçin ýaşamalysyň. Ilki bilen bu zemini döreden Allatagallany, soňy bilen bolsa onuň döreden ajaýyplyklaryny söýmelisiň — diýdi.
Şeýdip ene ýüreginden bu dünýäni iň kiçijik janly-jandaryny hem söýmegi öwrendim. Söýgi diýen täsin hem syrly zady has ýakyndan tanamagy başardym. Ömrüme many çaýan söýgüni maňa öwredeniň üçin ene ýüregi saňa diýseň minnetdardyryn.
Türk dilinden terjime eden:
Laçyn RAHMANOWA,
konkurs üçin $21
Täzelikler,
Miss_minnosh
tarapyndan
6-08-2021, 00:09