Bir ýigit øz durmuşynda bolan wakany beýan edipdir. Şonda şeýle diýýär:
"Men gaty gowy bir ýokary okuw jaýynda talypdym. Talyplaryň arasynda hem bilim derejäm bilen tapawutlanyp diplom alypdym...
Kakam,elmydama maňa gaty ünslüdi. Meselem meniň ýanymda iki ruçkam bolsa:"Oglum,ruçkaň birini ruçkasy ýok birine bergin"-diýerdi. Eger,gowurak bir eşik geýinsem:"Oglum,sähel adatyrak geýingin. Kakasy ýoklar görse ýüregi ynjamasyn,meniňem kakam bolan bolsa şeýle eşikler alyp bererdi diýip gamlanmasyn,adatyrak geýin"-diýerdi.
Aşhananyň çyrasy söndürilmän galsa:"Oglum,çyrany söndürip goý,biderek gitmesin"-diýerdi.
Kitap okaýan wagtym çyrany söndürmän uklap galsam gelip,çyrany söndürip:"Oglum,çyrany söndürip,soň uklagyn"-diýerdi.
Ahyr bu sözleri elmydama diňlemekden kakamyň sözlerinden ýadap başladym. Kakam gepläp başlasa gaharym gelerdi.
Okuwa gidýärkäm kakamdan naharlanara pul sorasam:"Oglum,pula gysganamok,ýöne öýde naharlansaň öýüň bereketi artar. Köçedäki nahar zyýanly bolup biler,öýe gelseň bile naharlanarys"-diýip,pul bermese gaharym gelerdi. Hatda... hatda ahyry "şu haçan ölerkä?" diýer derejä ýetipdim...
Okuwymy dyndym,ýokary bilimli bolup,elime diplom alyp öýde oturdym. Bir ýere işe ýerleşmek arzuwyndadym. Meniň bu arzuwymy duýan kakam,maňa birnäçe gowy iş ýerleriniň salgylaryny berdi:"Oglum,şu ýerlere işe ýerleşmäge ýüz tutgyn,nähili gowy bolardy şeýle gowy ýerleriň birine işe yerleşseň..."-diýdi.
Soňra gaty gowy bir iş ýer bar eken,gaty abraýly ýerdi. Şol ýere iş üçin ýüz tutup ýazdym.
Soň maňa jaň edilip:"Siziň bilen iş duşuşygyny geçiriler. Pylan gün,pylan sagada geliň"-diýdiler.
Begenip,şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşyp başladym. Bu arada kakam garrapdy,ýaraman başlapdy.Ýataga düşüpdi.Öýümiz günde lukmanly,günde tebip,mollalydy.Kakam üçin dileg eder,Gurhan okardylar.
Soňra men gamlanyp,gije ýuwaşjadan kakamyň otagyna girdim. Ýatyrdy...
Meni görüp guwanyp,begenip ýylgyrdy. Ýanyna bardym,elimden berk tutup :"Oglum,çyrany söndür,penjiräni açyp goý,Allanyň nury gelip dursun. Aýyň ýagtysy düşüp dursa boldygy"-diýip aýtdy welin,içimden "ufff... ýene başlady"diýip,turup çyrany söndürip,penjiräni açyp goýdum.
Soň gelip oturdym,kakam:"Oglum,işleriň näme boldy?"-diýip sorady. Menem bolşy yaly pylan ýere pylan sagada çagyrdylar şoňa garaşýan diýsem:"Ahyrky nesihatymdyr oglum,nirede saçylyp duram zat görseň,ýygnaşdyryp goý,zeper ýeten (bozulyp duran) zady görseň bejerip goý,bulaşyp duran zady görseň düzedip goý! Özüňe gowy bolar"-diýdi. Ýene gaharym geldi,gaty gaharym geldi şolwagt. Zat diýmän dymdym. Kakam agyr ýatyrdy. Gûnler geçdi...
Aýdylan gün,aydylan sagadam geldi. Iş üçin ýüz tutan ýerime bardym. Gaty meşhur ýerdi. Meşhur bir kärhana bolandygy üçin her duş gelen adam girip bilmezdi. Seretsem,gapysynyň tutawajy aýryljak yaly durdy. "Aý,men başga bir ýere geldim öýdýän,şeýle abraýly iş ýeriniň gapysam şeýle borm-aý?"-diýip,ony düzedip goýdum.
Içine girsem musur bedre ýykylyp,içindäki kagyzlar ýere saçylyp durdy. Kakamyň nesihaty ýadyma düşüp,kagyzlary ùýşürip bedräni dikeldip ýygnaşdyryp goýdum. Ýene seretsem penjireler açyk,çyralar söndürilmedik dur welin,penjireleri ýapyp,çyranam söndürip goýdum.Gapylar açyk durdy,ýapyp goýdum. Ýuwaşjadan kabul edilýän otaga girsem,maňa meňzeş 10-15 adam işe kabul edilmek üçin otyrdy. Menem baryp oturdym. Bir başdan hemmesi bilen sorag-jogap etdiler. Maňa gezek geldi welin,turup girdiler. "Aý,menden hiçzat soramadam. Kabul edilmejegimdir şu"-diýip turup,gapa tarap ýöneldim welin,"siz duruň,oturyp garaşyň"-diýdiler. Geň galyp oturdym. Hemme çykyp gitdi. Iş ýeriniň başlygy maňa sererip:"Biz bu derejeli işe bilimli,yhlasly,ünsli,terbiýe gören,öz işiniň ussady bolan işçini gözläp ýördük.Hemme yerde kamera goýulan dur. Senden öň gelenleriň hiçisi hem sen ýaly töwereginiň dürsligine üns bermedi,berjegem bolmady. Sen ünsli bolup,töweregiňe serenjam berip şeýlebir gowy yagdaýda girdiň! Sen işe alyndyň"-diydi. Şolwagt kakamyň aýdanlaryn ýatlap:"Älhemdulilläh!" Diýip howlugyp,indi baryp şu wakany kakama aýdyp bereýin diýip ol ýerden çykansoň howlugyp öýe tarap ýöneldim. Bir 50 meter galanda,durup seretsem derwezãmiz açyk,5-6 adam toplanyp dur...
Gelsem... "Çyrany öçür oglum","Gapyny ýap oglum","Töwregiňi arassa sakla oglum"-diýýãn kakam ýogalan eken...
Arman,täze işe nädip ýerleşenimi aýdyp ýetişmedim...

Meni bagyşla kaka!
https://dostluk.ru/mowzuk.php?id=116101

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Miss_minnosh tarapyndan 6-08-2021, 07:21

  • Gulayym Gulayym off № 1 6 августа 2021 07:25
    Okamana yaltandym sonda-da like
    Jogap
  • Miss_minnosh Miss_minnosh off № 2 6 августа 2021 07:27
    Gulayym,
    okap gor.Okanyňa ökünmersiň
    Jogap
  • Miss_minnosh Miss_minnosh off № 3 6 августа 2021 07:27
    Gulayym,
    like üçinem sagja bol
    Jogap
  • Miss_minnosh Miss_minnosh off № 5 6 августа 2021 07:31
    geçip barýaka sowlan,
    aleykum salam.Sen ýaryşa gatnaşaňokmy?
    Jogap
  • Mähri Mähri off № 6 6 августа 2021 07:32
    like
    Jogap
  • geçip barýaka sowlan geçip barýaka sowlan off № 7 6 августа 2021 07:54
    Miss_minnosh,
    Aslyndada gatnaşamok
    Diñe içim gysmaz ýaly bolak açaýýan.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler