Bu gün Messi taşlady Barselona kluby,
Olaň eden bu oýny bize gaty gruby.
"Barça" diýmek, sen diýmek, konkretny göreşdiň,
Aýlyk meseläň çykyp, kontrakda bulaşdyň.

Dakansa galjak diýip, polna gitmezdendiň sen,
Nämä gerek onça pul? Nä ýeter-ýetmezmiň sen?
Ana öziň günäkär, urup göýberdiler permany,
Indi näme etjek sen, jaň et çagyr Neýmary.

Guardiola habar et, belki dadyňa ýetişer,
Suarezede eşitdir, Suda çenli gidişer.
Ronaldoda gynanar, öz gününe düşeniňe,
Dileg edýändir oglan, Ýuwentusa düşeriňe.

Na zlo geçsene agam, Ýuwaň maýka-türsigine,
Goý "futboljan" şat bolup, galsyn ýene tirsegine,
Ikiňiz bile bolsaň her oýnuňyz şow bolar,
Meň diýenime "hä" diýäý, iň gowy wariant şo bolar.

PSG barsa häzir, Ramos çykar öňünden,
Ol oglandan gorkuber, her zat geler elinden.
Nämä gerek barşyňa liçny dawa tapylar
Onnoň düşünişýänçäňiz kareraňyzam ýapylar.

Sende kelle bar agam, Angliýa gidäýdä
Futbolyň karolydygyňy bir dokazat edäýdä
Yzyňdan ýallaklarlar,
Getirjek bolup eliňe, millionlap pul oklarlar

Taşlanlary taşlaý sen, Barçadan kelläňi uçuraý,
Eliňe oklan millionlaň, maňa müňini geçiräý,
Oýun edýän, "Kumirim", adyň başymyza täçdir
Nirä gitseň oýnuňa Ýagşymyrat mätäçdir.

Awtory: Ýagşy Goşunow

File engine/modules/thanks.php not found.

Sport, BeZZaT tarapyndan 6-08-2021, 19:36

  • FanB FanB off № 1 6 августа 2021 19:39
    Cyndanam gitdimi indi
    Jogap
  • Miss_minnosh Miss_minnosh off № 2 6 августа 2021 19:48
    futboly ýigrenýän ýöne gowy goşgy
    Jogap
  • Perhat Perhat off № 5 6 августа 2021 21:12
    Like
    Jogap
  • BeZZaT BeZZaT off № 6 6 августа 2021 21:34
    FanB, talyplar.comda goruneňokla
    Jogap
  • FanB FanB off № 7 6 августа 2021 22:45
    BeZZaT,
    Nikime girip bilemoga nik tapsan aydayda. Ya sol nikine parolyny calsyp bolyanyny bilsen ayday
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler