Bir gün Muhammet alaýhyssalam hezreti Jebraýyldan: «Eý, doganym Jebraýyl! Ýaşda sen ulumy ýa men?» diýip sorady. Jebraýyl alaýhysalam: «Eý, Allanyň resuly! Men öz ýaşymy hasaplap görmedim. Emma asmanda Naşrdamuk atly bir ýyldyz bar. Şol ýyldyz otuz müň ýyldan bir gezek dogýar. Men onuň otuz müň gezek doganyny gördüm» diýdi. Resul alaýhyssalam: «Onda meniň ýaşym seniň ýaşyňdan ulurak eken. Çünki Hudaýtagala hemme zatlary meniň nurumdan ýaratdy. Ol hemme zatlardan öň ilki bilen meniň nurumy ýaratdy. Allatagalanyň ilki ýaradan zady meniň nurumdyr. Ol ýyldyz meniň nurumdandyr. Hudaýtagala ony ýaradandan soňra ol elli müň gezek çykandyr» diýdi.
File engine/modules/thanks.php not found.Konkurs üçin
Täzelikler,
Mähri
tarapyndan
7-08-2021, 11:58