Ýer ýüzünde ululy-kiçili millionlarça jandar ýaşaýar. Tebigatda çekirtgeden kiçi guşjagaza, pilden uly balyga gabat gelinýär. Eýsem, öz maşgalasynyň iň uly agzalary haýsylarka?! Geliň, olaryň käbiri barada gysgaça maglumata seredeliň!

Gök kit: gu­ry ýer­de we suw­da ýa­şa­ýan iň uly jan­dar bo­lan gök ki­tiň uzyn­ly­gy 30 metr­den geç­ýär. Onuň di­li pil ýa­ly, ýü­re­gi or­ta­ça aw­tou­lag kys­my­rak bol­ýar. Beý­le äpet jan­da­ryň go­la­ýy­na ba­ran äh­li za­dy ýu­wud­ýan­dy­gy­ny pi­kir ed­ýän bol­sa­ňyz, ýal­ňyş­ýar­sy­ňyz! Gök kit­ler suw­da ýa­şa­ýan iň ki­çi or­ga­nizm bo­lan plank­ton­lar bi­len iý­mit­len­ýär. Plank­ton­la­ryň ulu­ly­gy 1,5-2 sm çe­me­si bol­ýar. Ýag­ny, iň uly jan­dar­lar iň ki­çi jan­dar bi­len iý­mit­len­ýär.
Torly piton: ýylanlaryň bu gör­nü­şi­niň or­ta­ça uzyn­ly­gy 4-5 metr ara­ly­gyn­da üýt­ge­ýän hem bol­sa, kä­wagt 10 met­re go­laý tor­ly pi­ton­la­ra hem ga­bat ge­lin­ýär. Ola­ryň ag­ra­my 350 ki­log­ra­ma çen­li ýet­ýär. Bu ýy­lan­lar zä­her­siz bo­lýar. Ýy­lan­la­ryň bu gör­nü­şi Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­da­ky bat­ga­lyk­lar­da, tro­pik to­kaý­lar­da ýa­şa­ýar.
Äpet kalmar (arhiteutis): molýus­ka­nyň kellaýakly bir gör­nü­şi bo­lan bu jan­dar­lar su­wuň 1000 metr aşa­gyn­da ýa­şa­ýar. Ola­ryň bo­ýy 15 met­re ýet­ýär. Jan­da­ryň iň tä­sin ta­ra­py, dia­met­ri 25 san­ti­met­re ýet­ýän göz­le­ri­dir.
Kit akulasy: suwda ýa­şa­ýan iň iri ýyr­ty­jy jan­dar ha­sap­lan­ýan kit aku­la­sy­nyň uzyn­ly­gy 14 met­re ýet­ýär. Köp­lenç Gün şöh­le­si­niň ýet­me­ýän ga­raň­ky çuň­luk­la­ryn­da ýa­şa­ýan bu jan­da­ryň ag­ra­my 20 ton­na go­laý­la­ýar. Kit aku­la­sy Ýu­waş, At­lan­tik we Hin­di um­man­la­ryn­da ýa­şa­ýar. Göw­re­si­niň iri­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, çe­ýe­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýan bu de­ňiz jan­da­ry ýyl­da 12 müň ki­lo­metr ýol geç­ýär.
Kadýak aýysy: polýar aýy­sy­nyň go­ňur gör­nü­şi ha­sap­lan­ýan bu ýyr­ty­jy jan­da­ryň ady ýa­şa­ýan ýe­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bu aýy­lar Al­ýas­ka­nyň Kad­ýak ada­syn­da we Kad­ýak ar­hi­pe­la­gyn­da­ky beý­le­ki ada­lar­da ýa­şa­ýar. Ol gu­ry ýer­de ýa­şa­ýan iň uly ýyr­ty­jy haý­wan ha­sap­lan­ýar. Ola­ryň ta­ra­py tap­mak uky­by örän ýo­ka­ry­dyr. Bu aýy­la­ryň uzyn­ly­gy 2,8 met­re, da­ba­nyn­dan eg­ni­ne çen­li 1,6 met­re ýet­ýär. Iň uly Kad­ýak aýy­sy­nyň ag­ra­my 780 ki­log­ra­ma ýet­ýär.
Komodo zemzeni: Indo­ne­zi­ýa­nyň gün­do­ga­ryn­da­ky to­kaý­lyk­lar­da ýa­şa­ýan ko­mo­do zem­ze­ni haž­žy­gyň iň uly gör­nü­şi ha­sap­lan­ýar. Ola­ryň bo­ýy 3 met­re, ag­ra­my 200 ki­log­ra­ma çen­li bol­ýar. Her­nä­çe uly hem bol­sa, bu jan­dar­lar adam­la­ra to­pul­ma­ýar.
Deňiz krokodili: kroko­dil­le­riň je­mi 22 gör­nü­şi bo­lup, olar köp­lenç ys­sy ýurt­lar­da akar suw­da ýa­şa­ýar. Em­ma ola­ryň şor suw­da, ýag­ny de­ňiz­de ýa­şa­ýan gör­nü­şi der­ýa­da ýa­şa­ýan ga­ryn­daş­la­ryn­dan has uly. De­ňiz kro­ko­di­li­niň bo­ýy 4-5 metr bol­ýar. Em­ma hä­zi­re çen­li ha­sa­ba al­nan iň uzyn kro­ko­dil 7,20 metr bo­lup­dyr. Ady de­ňiz kro­ko­di­li hem bol­sa, olar der­ýa­lar­da hem ýa­şa­ýar. Bu jan­dar­lar Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­da, De­mir­ga­zyk Awst­ra­li­ýa­da we Hin­dis­ta­nyň gün­do­ga­ryn­da ýa­şa­ýar.
Žiraf: bu jan­dar­la­ryň bo­ýy beý­le­ki haý­wan­la­ryň äh­li­sin­den uzyn. Şol se­bäp­li ži­raf­lar agaç­la­ryň be­ýik şa­ha­la­ryn­da­ky ýap­rak­lar bi­len iý­mit­len­ýär. Ola­ryň bo­ýy 6 met­re ýet­ýär. Ži­raf­la­ryň de­ri­sin­dä­ki owa­dan na­gyş­la­ryň her bi­ri edil, ada­myň bar­mak yz­la­ry ýa­ly bir-bi­rin­den ta­pa­wut­ly­dyr. Ýag­ny hiç bir ži­raf beý­le­ki­si­ne meň­ze­me­ýär. Uzyn boý­ly jan­da­ry gör­mek üçin onuň ýa­şa­ýan ýe­ri bo­lan Af­ri­ka git­me­giň ze­rur­ly­gy ýok. Ony gör­mek üçin Kö­pet­da­gyň ete­gin­dä­ki Jan­ly te­bi­ga­tyň mil­li mu­ze­ýi­ne ba­ryp bi­ler­si­ňiz!
Düýeguş: uçup bil­me­ýän bu jan­dar­lar hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň iň uly guş­la­ry ha­sap­lan­ýar. Ola­ryň bo­ýy 2,5 metr, ag­ra­my 90-145 ki­log­ram ara­ly­gyn­da bol­ýar. Her bir jan­da­ryň duş­ma­nyn­dan go­ran­mak uky­by bar. Iri ýyr­ty­jy haý­wan­la­ryň ýa­şa­ýan ýe­rin­de ga­bat gel­ýän bu jan­dar­la­ryň aýak­la­ry örän güýç­li bo­lup, duş­man­la­ryn­dan ga­çyp gu­tul­ýar. Dü­ýe­guş­lar ýu­murt­ga­syn­dan, etin­den we pe­rin­den peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len fer­ma­lar­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär.
Goliaf gurbagasy: birnäçe er­te­ki­dir basn­ýa­nyň gah­ry­ma­ny bo­lan gur­ba­ga­lar, esa­san, suw­da we su­wa go­laý ýer­ler­de ýa­şa­ýar. Bu jan­dar­lar Or­ta Af­ri­ka ýurt­la­ry bo­lan Ka­me­run­da we Ek­wa­to­ri­al Gwi­ne­ýa­da­ky bat­ly ak­ýan der­ýa­la­ryň ke­nar­la­ryn­da ýa­şa­ýar. Düý­bi çä­ge­lik bo­lan bu der­ýa­la­ryň su­wu­nyň dü­zü­min­de köp muk­dar­da kis­lo­ro­dyň bol­ma­gy gur­ba­ga­la­ryň ýa­şa­ma­gy üçin ze­rur şert ha­sap­lan­ýar. Go­li­af gur­ba­ga­sy 3 met­re çen­li ara­ly­ga bö­küp bil­ýär. Olar wag­ty­ny gün­di­zi­ne suw­da, gi­je­si­ne da­şar­da ge­çir­ýär. Ola­ryň uzyn­ly­gy 32 san­ti­met­re, ag­ra­my 3,25 ki­log­ra­ma çen­li bol­ýar.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Miss_minnosh tarapyndan 8-08-2021, 09:50

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler