Häzirki wagtda dünýä döwletleri bilen syýasy we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny barha işjeňleşdirýän ýurdumyzda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini pugta özleşdirmegine hem uly üns berilýär. Ýaşlar bilen bir hatarda dürli kärlerde zähmet çekýän ildeşlerimiziň arasynda dürli dilleri öwrenmäge isleg bildirýänleriň sany gitdigiçe artýar. Tehnologiýanyň ösmegi, öwrediş usullarynyň kämilleşdirilmegi bilen indi dürli dilleri öwrenmek üçin has-da amatly şertleri döredýär. Biz hem bu gün şeýle niýeti ýüregine düwen ildeşlerimiz üçin gymmatly bolup biljek peýdaly maslahatlary okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildik.
Öwrenmegiň tertibi: Daşary ýurt dilini öwrenmekde ony yzygiderli gaýtalamak örän uly ähmiýete eýedir. Käbirleri öwrenmäge girişenlerinde her gün agşam munuň üçin birnäçe sagat sarp edýärler we öz üstlerine juda uly gönükmeleri alýarlar. Özüňe çendenaşa agram salmak bolsa höwesiň peselmegine, özleşdiriş derejesiniň peselmegine getirýär. Şeýlelikde, dil öwrenmek üçin hepdäniň diňe belli bir gününi kesgitlemek hem-de galan wagtlarda şol özleşdirilenleri gaýtalamak netijeliligi has ýokarlandyrýar. Bu beýniniň kabul edip bilijilik ukybynyň ýokary bolmagy üçin peýdalydyr.
Kagyzdan peýdalanmak: Öwrenýän diliňiziň sözlerini gysga wagtda ýat tutmak isleseňiz onuň iň amatly ýoly terjimesi bilen bile kagyz bölejiklerine ýazmakdyr. Söz ýazylan kagyzlary öýüň göze görnüp duran ýerlerinde, stoluň öňündäki diwarda, sowadyjyda, aýnanyň öňünde we ş.m ýerlerde ýelmäp çykmak gerek. Şu ýol arkaly siz öýde başga işler bilen meşgullanýan wagtyňyzda hem dil öwrenmegi dowam edip bilersiňiz.
Filmlere tomaşa etmek, aýdym diňlemek: Öwrenmek isleýän diliňizde düşürilen filmlere terjimesiz ýagdaýda tomaşa etmek hem daşary ýurt dilini çalt özleşdirmek üçin örän peýdaly usullaryň biridir. Bu usul size birbada kynçylyk döretse, subtitrde terjimesi berilýän filmleri saýlap bilersiňiz. Şeýle-de, öz derejäňizi kämilleşdirmek üçin giňden maslahat berilýän zatlaryň biri şol dillerdäki aýdymlary diňlemekdir. Sözleri eşitmek arkaly öwrenmek we ýatda saklamak bilen birlikde, olaryň aýdylyş äheňini-de has gowy özleşdirmek mümkin.
Sözler barada pikirlenmek: Sözleri aňsatlyk bilen ýatda saklamak üçin olary deňeşdirmek usulyny ulanyp bilersiňiz. Has takygy, öwrenýän diliňizdäki sözleri türkmen dilindäki bar bolan şoňa meňzeş sözlere baglap ýatlaň! Mysal üçin, iňlis dilindäki “can” (başarmak) sözi bilen türkmen dilindäki “kän” sözüni bir-birine meňzedip ýatlasaňyz, hakyda-da has gowy galar.
Şol dilde gepleşmegi we pikirlenmegi endik etmek: Dil öwrenmekde mydama netijeliligini saklap bilýän usul şol dilde gepleşýän adamlar bilen söhbetdeş bolmakdyr. Unutmaň, şeýle ynsanlar bilen näçe köp gürleşseňiz, şonça-da kämilleşersiňiz. Dogry, birbada sözleri ýalňyş aýtmak, sözlemleri nädogry düzmek ýaly kemçilikleriňiz ýüze çykyp biler, ýöne şol kemçilik köprüsinden geçmeseňiz aňyrdaky kämillik kenary hem size ýetdirmez. Gepleşmegi öwrenensoň özüňizi edil şol ýurtda syýahat edýän ýaly göz öňüne getiriň! Ýolda-yzda gören zatlaryňyzyň — awtobuslaryň reňkini, ýolagçylaryň geýnen eşiklerini, bir ýere baranyňyzda ol ýerde näçe adam bardygyny şol dilde pikir ediň we özüňize gürrüň beriň!
Internet maglumatlaryndan.
Baha bermegi unutmaň!
Dil öwrenmek üçin peýdaly maslahatlar
Täzelikler,
Perishdejik
tarapyndan
8-08-2021, 17:03