Şatlansalar şatlandyň sen,
Gamly görseň gama batdyň.
Bar gaýgyny içine salan,
Bir bölejik lokga etdiň.
Käte duýup,
Käte duýman..
Ýigrendiler hem söýdüler.
Emma seniň şol boluşyň,
Hemmä ýagşydyr öýtdüň
Söýdüň senem iller ýaly,
Seň söýgüňi duýmadylar.
Duýdurjagam bolmadyň sen,
Ýene batly öňe gitdiň.
Batlan, Ýürek!
Batlan ýene,
Yza hiç haçan tesmegin,
Seniň etjek arzuwlaryň..
Hiç kim öňüni kesmesin.
Ýürek
Edebiýat,
Senagul
tarapyndan
9-08-2021, 13:35