Yshak sag tarapda dur. Rebekkanyň Esawy we Ýakuby dogurandan soňky pursaty görkezýän portret
Yshagyň ady Tanahda aýdylmagyna görä Alla Ybraýym we Sara: ''Çagaňyz bolmaz'' diýeni üçin haýranlyk bilen ajy güleni üçin ''Gülmek'' manysynda gelen sözdür.
Ady soň üýtgedilmedik bolup, özi Kenanda dogulýar we şol ýerde-de dünýeden ötýär. Üç dinde iň uzak ýaşan Yshakdyr. 180 ýaşynda dünýeden ötüpdir.
Yshak adynyň asyl köki Ybranyça Yiṣḥāq (יִצְחָק)
''Gülýär/şadyýan'' termininden gelip çykypdyr. B.e.öňki XIII asyrdan galan Ugaritik ýazgylarda Kenan taňrysy Eliň haýyrsöýer gülmekliginde meňzeşligiň bardygy haýran galdyrýar. Sara we Ybraýym garrandyklary üçin çagalarynyň bolmagy ynanylmaz derejede gudratdy. Sara Rebbiniň üç ilçisiniň aýdan mugjyzasyny eşideni üçin içinden güldi. Alla Ybraýymdan muň sebäbini soranynda Sara gülmeýär.
Bir gün, bir perişde Ybraýyma bir oglunyň boljakdygyny we adyna Yshak dakylmagyny aýdýar. Ybraýym ýüz ýaşyna ýetende bu ogul ilkinji aýaly Saradan doguldy. Şeýdip Yshak Ybraýymyň ikinji ogly bolup dünýä geldi. Birinji ogly bolsa Ysmaýyl pygamberdi.
Dogulanyndan soňky sekizinji günde Yshak sünnet edilýär.
Sara Yshagy süýtden keseninden soň Ybraýymyň beýleki heleýi bolan Hajary we Ysmaýyly kowdurýar. Şeýdip Yshak Ybraýymyň ýeketäk mirasdüşeri boldy. Ýöne Ybraýym pygamber muňa garşylyk görkezsede Allanyň emri bilen muny ýerine ýetirmeli boldy.
Yshak 40 ýaşamanka Ybraýym ýegeni Bethueliň maşgalasyndan Yshaga gyz nikalap alyp bermek üçin Eliezeri Mesopotamiýa ugratdy. Eliezer Yshak üçin Aramy bolan Rebekkany saýlaýar. Yshak bilen ýyllarboýy ýaşaşan Rebekkanyň çagasy bolmaýar we gysyr bolandyryn öýdýär.
Yshak onuň üçin doga edýär we ol göwreli bolýar. Soň Rebekka ekiz erkek çaga dogurýar. Olaryň biriniň ady Esaw, beýlekisiniň ady Ýakup. Yshak iki ogly dünýä gelende 60 ýaşyndady. Şondan soň Yshak Esawy, Rebekka bolsa Ýakuby gowy görýärler...
Yshak pygamber hakynda
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
10-08-2021, 00:37