ABŞ-nyň Kongres kitaphanasy
Kitap we kitap tekçeleriniň sany babatda dünýäniň iň uly kitaphanasy hasaplanýan ABŞ-nyň Kongres kitaphanasy (Library of Congress) 1800-nji ýylda ýurduň Kongresi tarapyndan bina edildi. Bu kitaphanada her günde ortaça 14 müň täze eser kabul edilip, azda-kände ýer ýetmezçiligine-de sebäp bolýar. Şol nukdaýnazardan, Merilend hem-de Wirjiniýa ştatlarynda kitaphananyň goşmaça binalary guruldy we bu ýerde-de ençeme eserler aýawly saklanylýar. Kongres kitaphanasy şu sebäplerden dünýäniň iň uly kitaphanasy hasaplanýar.
Kanadanyň Milli kitaphanasy
54 million eseri bolan Kanadanyň Milli kitaphanasy we arhiwi (Library and Archives Canada) 1872-nji ýylda döredilýär. Ottawa şäherinde ýerleşýän kitaphana dünýäniň iň uly 3-nji kitaphanasydyr. Ady dürli ýyllarda üýtgedilen kitaphana 2004-nji ýylda ýurduň arhiw edarasy bilen birleşdirilýär. Bu kitaphana “Häzirki we geljekki nesiller üçin Kanadanyň resminamalar mirasynyň aýawly saklanmagy” diýen şygar bilen okyjylara hyzmat edýär.
Nýu-Ýork halk kitaphanasy
ABŞ-nyň iň uly 2-nji, dünýäniň iň uly 4-nji kitaphanasy hasaplanýan Nýu-Ýork halk kitaphanasy (New York Public Library) 1911-nji ýylda gurulýar. Binagärlik babatda hem şäheriň iň köp gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan bu kitaphana ýylda ortaça 18 million jahankeşde gelýär. Kitaphananyň binagärlik aýratynlyklarynyň biri onuň petiginiň beýikligi bolup, ol 16 metre barabardyr. Binanyň diwarlary dürli-dürli şekiller bilen bezelendir.
Russiýanyň Milli kitaphanasy
Sankt-Peterburg şäherindäki Russiýanyň Milli kitaphanasynda (National Library of Russia) 36 milliondan gowrak eser bar. Bu kaşaň bina 1795-nji ýylda Ýekaterina II döwründe gurulýar. Bu kitaphananyň döredilmegine 1794-nji ýylda Polşanyň paýtagty Warşawada Zaluskiý tarapyndan gurlan Ýewropadaky ilkinji halk kitaphanasy esasy sebäp bolýar. Bu kitaphanada Ýewropa dillerinde 420 müň eser aýawly saklanylýar.
Hytaýyň Milli kitaphanasy
115 dilde 35 milliondan gowrak eseriň saklanýan ýeri bolan Hytaýyň Milli kitaphanasy (The National Library of China) 1909-1912-nji ýyllarda Pekinde gurulýar. Owadanlygy bilen tapawutlanýan kitaphana her ýyl 5 milliondan gowrak syýahatçy gelip görýär. Soňky ýyllarda kitaphanada eserler sanly ulgama geçirilýär. Sanly ulgama geçirilen eserleriň göwrümi häzirlikçe 1323 terebaýta ýetýär.
Dünýäniň iň uly kitaphanalary
Bilim,
Miss_minnosh
tarapyndan
16-08-2021, 10:35