Ýigrimi üç Ependiden 4-üsi.
Pars)
Naspeddiniñ öýi.
Bir jaýyñ ýarysy Nasreddine degishli eken. Bir gün ol dellaly çagyryp:
- Egerde sen shu jaýyñ maña degishli ýaryny satsañ, menem shol pula jaýyñ beýleki ýaryny hem satyn alyp, jaýy bütinligine alaýmak hyýalym bar - diýipdir.
(Özbek)
Seýrek haryt.
Buhara bazarynda uzak ýurtdan gelen bir arap nebsewür bir söwdagäriñ köýneklik ýüpek matany nyrhdan çykyp, örän gymmat bahalaýandygy üçin ony näletläp:
- Sende dynnym ýaly ynsap bolmazmy? - diýip, gygyrýan eken.
Shol wagt olaryñ ýanyna gelen Ependi:
- Gadyrdan gardash, seniñ gaýry ýurtdan gelendigiñ bildirip dur. Biziñ Buharamyzda seniñ diýýäniñ ýaly haryt (ynsap) satylýan däldir - diýip seslenipdir.
(Grek)
Kysmaty sheýledir-dä.
Anastratyn öz melleginde hyýar ýetishdireninden soñ olary satyp, düshen pula-da eshek satyn alypdyr. Bir gün ol eshegini odundan ýükläp öýlerine gelýär eken. Ýolda derýanyñ üstünden geçenlerinde, eshek taýyp derýa ýykylýar-da, gark bolup ölüpdir.
Anastratyn gynanandygyny hiç kime bildirmän:
- Suw tutulyp, suw tutulyp ýetishdirilen hyýaryñ puluna alnan eshek suwa ýykylyp hem öldi - diýipdir.
(Türk)
Bir manat bolmaýarmy?
Hoja dellekhana baryp bashyny syrdyranda bir manat beripdir. Ol ikinji gezek dellekhana baranynda sertarash onuñ bashyny syryp, pul atylýan mejimäni oña tarap süýshüripdir.
Hoja bolsa oña:
- Näne diýsene, ozal kel bolanym sebäpli meniñ kellämiñ ýarysyna gyl bitenok. Onda-da sen menden bitin kelläñ bahasyny alýañ. Sen meniñ kellämi iki gezek syrdyñ, shoña bir manat bolmaýarmy? - diýipdir.
______
Hoja Nasretddin Ependi

[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
1 комментарий