Ejem janyñ pentleri
Häli-shindi ajap ýakymy bilen,
Ýañlanyp dur, ejem janyñ pentleri.
Mähir-muhabbeti, ýalkymy bilen,
Ýañlanyp dur, ejem janyñ pentleri.
"Aýyp bolar gyzym, jakgyldap gülmek,
Aýyp bolar biriniñ sözüni bölmek,
Sogapdyr ýagshyny ýüzüñe sylmak"
Ýañlanyp dur, ejem janyñ pentleri.
"Syrkawy soramak - sogabyñ bashy,
Arassa saklagyn töwerek-dashy,
Asyl ynjytmagyn dogan-gardashy"
Ýañlanyp dur, ejem janyñ pentleri.
"Ynansalar akyp duran sakany,
Gabarylyp açyp ýörme ýakañy,
Çygryñdan çykmagyn, bilgin çakyñy"
Ýañlanyp dur, ejem janyñ pentleri.
"Her bir ishde aýakda däl, bashda bol,
Owal-ahyr ýamanlardan dashda bol,
Bolup bilseñ, ýüreklere keshde bol!"
Ýañlanyp dur, ejem janyñ pentleri.
"Ünsli bol tagamyña-ashyña,
Deñ garagyn garry, juwan-ýashyña,
Ine, shonda döwlet gonar bashyña"
Ýañlanyp dur, ejem janyñ pentleri.
Awtory bilemok
Ýañlanyp dur, ejem janyñ pentleri.
Mähir-muhabbeti, ýalkymy bilen,
Ýañlanyp dur, ejem janyñ pentleri.
"Aýyp bolar gyzym, jakgyldap gülmek,
Aýyp bolar biriniñ sözüni bölmek,
Sogapdyr ýagshyny ýüzüñe sylmak"
Ýañlanyp dur, ejem janyñ pentleri.
"Syrkawy soramak - sogabyñ bashy,
Arassa saklagyn töwerek-dashy,
Asyl ynjytmagyn dogan-gardashy"
Ýañlanyp dur, ejem janyñ pentleri.
"Ynansalar akyp duran sakany,
Gabarylyp açyp ýörme ýakañy,
Çygryñdan çykmagyn, bilgin çakyñy"
Ýañlanyp dur, ejem janyñ pentleri.
"Her bir ishde aýakda däl, bashda bol,
Owal-ahyr ýamanlardan dashda bol,
Bolup bilseñ, ýüreklere keshde bol!"
Ýañlanyp dur, ejem janyñ pentleri.
"Ünsli bol tagamyña-ashyña,
Deñ garagyn garry, juwan-ýashyña,
Ine, shonda döwlet gonar bashyña"
Ýañlanyp dur, ejem janyñ pentleri.
Awtory bilemok
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет