DEGIŞMELER
- Döremän geçen, şu atişgiri kim oýlap tapdyka?!
- O näme etdi saña?
- Henizem mañlaýymdan yzy gidenok.
* * *
- Leksiýa okadyñmy?
- Möhür-ä goýdurdym.
- Temasy näme?
- Olar-a soramady, menem aýtmadym.
- Beýle bolsa "Formalizm biziñ jemgyýetimiz üçin ýatdyr" diýip ýazaý.
* * *
- Dükanyñ satyjysy "gaýtargyñy al" diýip halys goýmady.
- Sen nätdiñ?
- "Öñküje edýäniñi ediber" diýdim.
- O näme diýdi?
- "Onda ýene on köpük okla" diýdi.
* * *
- Siziñ başlygyñyzyñ iñ gorkýan zady näme?
- Ýapyşyp oturan stoly.
* * *
- Lukmanlaryñ käbiri para alýar diýýärler welin, sen şoña ynanýarmyñ?
- Ýok.
- Biziñ-ş gulagymyza degýär.
- "Eli ýeñillik" diýip almaýan barmy näme...
* * *
- Sen nähili adam-aý?
- Kyrk ýaşap, eklenji kakasynyñ boýnunda diýäýmeseler, başga kemim bardyr öýdemok.
* * *
- Seniñ pikiriñçe niýeti erbet adamlara kimleri goşsañ bolar?
- Telpegi aganlary.
- O näme üçin?
- Olar görenine "Şuña dagy aýal nämesine gerek-kä" diýip pikir edýärler.
* * *
- Awtobusyñ üstünde bir gelin tä oba gelýänçä gürleşmäge maý bermedi. Edil agzyna jañ kakylan ýaly...
- Tanadyñmy?
- Ýok, tanamadym.
- Akgañlaryñkydyr şo...
Ilaman MUHAMMETJUMAÝEW.
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
3 комментария