JEMŞIT PATYŞA



Tahmuresiň ogly...
Fidewsiniň ''Şanama'' eserinde duş gelýän gadymy Pişdadylar dinastiýasynyň dördünji patyşasy (edebiýatda gysgaldylyp Jem şeklinde hem ulanylýar). Jemşit eýran mifologiýasynyň iň gadymy we iň esasy obrazlaryndan biridir. Ol ilkinji gezek demirden uruş ýaraglaryny ýasamaklygy adamlara öwredipdir, şeýle hem gämi ýasamaklygy-da, göýä, şol adamlara öwredenmiş. Jemşit bir tagt ýasap, şoňa çykyp oturýar, şol güni bolsa ''Nowruz'' diýip atlandyrýarlar we şonuň şanyna baýram edýärler. Jemşit adalatly patyşa bolýar, 300 ýyl patyşalyk edýär. Emma soňabaka ulumsylyk edip, özüni hudaý - dünýäniň eýesi diýip bilýär. Netijede halkyň goldamagy bilen Zahhak ony tagtdan düşürýär. Jemşit halkyň goldamagy bilen Zahhak ony tagtdan düşürýär. Jemşit gaçýar we ýüz ýyllap gizlinlikde ýaşaýar. Bir gezek ol Hytaý deňziniň kenarynda peýda bolýar. Şonda Zahhak ony görüp tutýar we byçgy bilen iki kesip öldürýär. Mifologiýa görä, göýä Jemşidiň bir ajaýyp Jamy bolupdyr, şol jamyň içinde göýä dünýäniň hemme ýeri görnüp duranmyşyn.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 30-05-2021, 17:04

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler