Elektrik energiýasynda 1088 at güýji
“Porsche” durnukly materiallardan ýasalan ilkinji elektrik ýaryş ulagy bolan “Mission R”-i hödürledi. Kompaniýalar pandemiýa sebäpli 2 ýyllyk arakesmeden soň Germaniýanyň Mýunhen şäherinde geçirilen halkara awtoulag sergisinde täze modellerini köpçülige hödürleýärler. Dört tigirli hereketlendiriji ulgamy bolan “Mission R”-iň kuwwaty 1088 at güýjüne barabar. Ulagyň durnukly kuwwaty 689 at güýjüne deň. Ýaryş tertibine geçirilende 1088 at güýjüni 435-sini öň okdan, 653 at güýjüni bolsa yzky okdan alýar. Bu ulag 0-dan 100 km tizlige 2,5 sekuntda ýetýär. Bir gezekki zarýady bilen 300 kilometrden gowrak ýol geçýär. “Mission R”-iň beýikligi bary-ýogy 1,2 metr, uzynlygy 4,3 metr we ini 1,9 metrdir. Nemes ägirdi soňky üç onýyllykda 4400-den gowrak kubok awtoulagynyň gowşurylandygyny mälim etdi.
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет