Golaýda serbiýaly hüjümçi Boýan Matiç Özbegistan çempionatynda Daşkendiň «Pahtakor» toparynyň düzümünde gol geçirmek bilen, öz adyny bu toparyň düzümünde gol geçiren 24-nji daşary ýurtly futbolçy hökmünde taryha ýazdyrdy.
«Pahtakor» toparynda gol geçirenleriň arasynda türkmenistanly futbolçylar Goçguly Goçgulyýew bilen Aleksandr Krohmolyňam bardygyny bellemek gerek.
Ildeşimiz Goçguly Goçgulyýew «Pahtakor» toparynyň taryhynda iň köp pökgi geçiren (26) daşary ýurtly goragçydyr. Ildeşimiziň bu rekordy heniz hem täzelenmedi we bu ýagdaý klubyň internet sahypasyndaky ýörite suratda hem öz beýanyny tapýar.
Ýeri gelende bellesek, Goçguly Daşkendiň bu toparynda gol geçiren daşary ýurtlularyň sanawynda güýçli 3-likde orun alýar.
Türkmen futbolçysynyň rekordyny gaýtalap bilýän ýok
Sport,
Men sho
tarapyndan
9-09-2021, 18:13