2015-nji ýyldan bäri geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Türkiýäniň Aýdyn welaýatynyň Çine etrabynyň Gadymy Alaban diýlen ýerinde Rim imperatory Publiý Eliý Traýan Adrianyň heýkeliniň bölekleri tapyldy. Gadymy Alabanda şäheriniň harabalyklary 500 gektar meýdany eýeleýär. Bu şäher Anadolydaky iň gadymy şäherleriň biri hasaplanýar. Bu ýerde geçirilen gözlegleriň netijesinde Publiý Eliý Traýan Adrianyň kellesine we bedeniniň beýleki ýerlerine degişli 6 bölegi ýüze çykaryldy. Boýy 2,5 metr bolan we 1900 ýaşyndadygy çak edilýän heýkeliň tapylan bölekleri Aýdyn arheologiýa muzeýine getiriljekdigi bellendi.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Men sho tarapyndan 10-09-2021, 20:26

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler