özüňi bolşuňdan uly görkezmäge çalyşmakda – ulumsylykda ne peýda bardyr, ne haýyr. pespälllikde, mylakatly bolmakda we ynsanlara hormat goýmakda bolsa, bize mälim ýa-da nämälim bolan ençeme haýyr bardyr. ynanjy kämil musulmanyň asla özüni bolşundan artykmaç görkezmek, gedemlik etmek aladasy ýokdur. başgalarynyň depesinden seretmek, äsgermezlik etmek ýaly häsiýetler onuň dünýägaraýşyna düýbünden tersdir.

tymsal: özüniň pespälligi bilen rabbimiziň söýgüsini gazanan bir müminiň depesinde hemişe bir bulut saýa salar eken. rabbiniň guluna söýgüsiniň bir nyşany bolan bu bulut ol kişiniň hemişe günüň jokrama yssysyndan gorar ekeni. bir gün onuň bu halyny gören bir garyp bende öz ýanyndan: “nähili beýik adam! bolup bilse bu bir ýagşyzada bolmaly. gör-ä, yssy meniň depämi deşip gelýär, ony bolsa hemişe bir bulut saýalap ýör. gowusy, ýanyna baryp ol mübärek ýagşyzada bilen tanyşaýyn, elini togap edeýin, saýasynda saýalaýyn” diýip oýlanýar.
yzyndan biriniň haşlap gelýänini duýan depesi bulutly adam yzyna seretse, ynha eleşan eşikli bir garyp ýetip gelýär.
gele-gelmäne garyp bende: “eý, allanyň söýen guly! näçe wagt bäri sizi synlap ýörün: bir bulut nirä gitseňiz sizden galman, size kölegesini salýar. diýmek, siz beýik ynsan bolmaly. rugsat beriň, bir pursatlyk hem bolsa, men hem siziň buludyňyzyň astynda siziň bilen bile ýöremek bagtyna gowşa‎‎ýyn” diýýär.
şol wagt ruhy ahwalaty gowşak bolan ol müminiň kalbynda ulumsylyk we gedemlilik uçgunlary peýda bolýar. özüne göwnüýetijilik bilen: “gel, gel, has golaýrak süýş! meniň saýamda seniň ýalylardan entek gör näçesi saýalanar!” diýýär.
şunlukda, ikisi bile ýöremäge başlaýar. emma, şeýtan boş durýarmy?! ol: “sen hak nazary düşen beýik adamsyň! sen alym, dana, başynda bulut gezdirýän kişisiň! ýeňiýoluklar, misginler, ejiz biçäreler bilen egin-egne ýöremegi özüňe nähili rowa görýäň?..” diýip gižže bermäge başlaýar. şe‎ýtanyň bu sözüne ynanan adamyň kalbyndaky gedemlik uçgunlary uly ataşa öwrülýär, ol hasam gabarylyp ýöräp ugraýar. bir çeşmäniň başyna baranlarynda, şol ýerde aýak çekip, dem-dynçlaryny alýarlar. ulumsylyk derdine uçran adam ýene ýoluny dowam edýär. emma onuň ýöreýşinden, özüni alyp barşyndan, gürleýşinden pyglynyň bozulandygyny, häsiýetiniň üýtgändigini aňan garyp ondan aýrylyp galýar.
ulumsylyk eden adam bir salym soňra başynyň gyzyp ugrandygyny duýýar. ýokary seretse, özüni penalaýan bulut ýok. görse, ol hanha hälki garybyň depesinde saýalanyp dur. asyl, bulut ulumsy, gedem adamy terk edip, pespäl garyby saýalamaga başlan bolsa nätjek…
ahlak, fazylat barada ýazylan kitaplarymyzda bu tymsal getirilip, yzyndan şu nesihat berilýär:
başyňyzda bulut gezdirjek derejede beýik mertebelere ýetenem bolsaňyz, asla ulumsylyk etmäň, gedemlikden daş duruň, hiç kimi äsgermezlik etmäň. eger, bu nesihatlara gulak asmasaňyz, allah siziň emriňize beren ol buludyny alar, siziň göwnüýetmezçilik bilen garan adamlaryňyzdan birine berer.

bir gün Allanyň resuly (s.a.w.) mesjitde sahabalary bilen söhbet edip otyrka, sözüniň arasynda: “sähel salym soňra bu ýere dowzahy bir adam geler” diýýär. az wagtdan soňra ýaňy täretini alan, entek ýüzündäki we ellerindäki täret suwunyň damjalary hem guramadyk biri içeri girýär.
sahabalar “pygamberimiziň habar beren adamy şumyka?” diýip geň galmak bilen içeri giren adama seredişýärler. olaryň geň galandygyny aňan söýgüli pygamberimiz, içeri giren adamdan bir sowal soramak bilen meseläni aýdyňlaşdyrýar:
- gel hany, ýaňy içeri giren! senden bir zat sorajak. ýöne göniňden gel!
- buýur, ýa resulallah!
- sen täretiňi alyp, mesjidiň gapysyna geleniňde öz ýanyňdan: “şu içerde oturan jemagatyň arasynda menden beýigi ýokdur” diýip oýlandyňmy?
ol adam ilki dymýar. soňra-da, boýnuny burup: “hawa, ýa resulullah, gaynyň öňündekäm, mesjidiň içindäkileri birin-birin göz öňüme getirdim we öz ýanymdan: “bularyň hemmesi şeýle-beýle adamlar. men bularyň içinde iň üstüni, iň beýigi!” diýip oýlandym” diýýär.
pygamberimiz (s.a.w.) şol wagt ellerini galdyryp: “ýa rabbim, men beýle duýgy we düşünjelerden saňa sygynýan” diýýär.
sahabalardan biri: “ýa resulullah! senem beýle duýgy we düşünjelerden allaha sygynýaňmy?” di‎ýip soranda, ol (s.a.w.) şu jogaby berýär:
- müminiň kalby allahyň eradasyndadyr. mümin pikirini (düşünjesini, garaýşyny) üýtgetse, rabbimiz hem derrew onuň kalbyny üýtgeder, ulumsylyga we gedemlige salar. şonuň üçin ulumsylyk derdine uçramazlyk üçin rabbime sygynýan, hemişe ondan ýardam dileýän.

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Prikolmyrat tarapyndan 21-09-2021, 22:26

  • Wlad Wlad off № 1 21 сентября 2021 23:11
    Ýöne şeýle ýagdaýlaram bolýar, öwünmek käbiriniň häsýeti, isle başaran bolsan isle ysnat bolsun
    Jogap
  • qwerty1 qwerty1 off № 2 21 сентября 2021 23:22
    +++ brawo suratcy
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler