Amerikanyň awiasiýa we kosmos gullugy (NASA) doňdurylan suw gözlemek üçin Aýyň günorta polýusynyň golaýyndaky “Nobile” kraterine robotyň iberiljekdigini habar berdi.
“Euronews” teleýaýlymynyň habaryna görä, ençeme ýyl bäri Aýyň polýar sebitlerinde suw gözlemegi meýilleşdirýän “NASA” edarasy kraterleriň düýbünde galan suw buzunyň geljekde kosmonawtlara içmek üçin suw, dem almak üçin howa we Ýere gaýdyp gelmek üçin ýangyç boljakdygyny çaklaýar.
Bu gözleg üçin “VIPER” atly kosmos gämisini göz öňüne tutýandyklaryny mälim etdiler. “VIPER’’ golf arabasynyň ululygynda we agramy ýarym tonna töweregi bolup, ýeriň aşagyndan nusgalary ýygnamaga we almaga mümkinçilik berýän birnäçe gurallary götermäge ukyplydyr.
Ylmy bölüminiň müdiri Lori Glaze metbugat ýygnagynda bu robotyň Aýyň topragy bilen barlaglary geçirip, birnäçe metr deşik açjakdygyny belläp geçdi.
Aýyň günorta polýusynyň günbatar çetinde ýerleşýän “Nobile” krateriniň golaýynda gonar. Bu 65 kilometr giňlikdäki krater bir obýektiň täsiri netijesinde emele geldi diýlip çaklanylýar.
“NASA” Aýyň günorta polýusyna robot ugradýar
Tehnologiýa,
Asyrow_Danco
tarapyndan
23-09-2021, 17:38