EJE
Ýyly mähriň bilen göterip göwnüm,
Kejeňek gözlerme aýlaňda nazar.
Ykbalymy bagtyň ýazyna öwrüp,
Ýylgyr çala, ýylgyr, ýylaýyn biraz.
Nurly dideleňde bolmasyn ünji,
Ýylgyryş bezesin, iň gowsun peýläp.
Düzseň päk söýgiňden ýollarma hünji,
Arzuwmyň ak guşy uçar pelpelläp.
Unudyp at salýan hasrat gaýyny,
Ynamyň deňzine goýber gaýygy.
Mähir-muhabbetiň umman ahyryn,
Düýpsüz mähir ummanyňda ýüzeýin.
Bilmen, barmy görüp gelen a:hyryn?!
Belki, bergilermiň birin üzerin.
Ýüzerin...
Göwnüm söýgi ummanyň deý giňeler,
Çykabilmän şol ummanda gark bolsam,
Peýda etmez, el uzatsa hemmeler,
Bir ýylgyrşyň halas eder ömrümi.
Ýollaň beýik-pesi ýykmaz ogluňy!
Synagly meýdan bu — durmuş öwrümi.
Sen ogluňa ak pata ber ak ýolda,
Goý, arzuwmyň bagyn çözläýin nije.
Şygra sygmaz adyň senamdyr dilde:
— Eje!
Nury SAKÇYÝEW.
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
1 комментарий