Ne şikes alýar, ne-de jerime, “La Ligada” täze rekord
Ispaniýanyň çempionaty La Ligada 8-nji tapgyryň açylyş duşuşygynda Atletik Bilbao topary öz meýdançasynda Alawesi 1-0 hasabynda ýeňdi. Bilboalylara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 44-nji minutda Raul Garsiýa derwezä girizdi. Ol oýnuň 9-njy minutynda penalti urgusyndan ýerlikli peýdalanyp bilmedi. Duşuşykda esasy düzümde meýdança çykan Atletik toparynyň hüjümçisi Iniaki Williams taryhy rekord goýdy. Ol La Ligada yzly-yzyna 203 duşuşykda meýdança çykyp, çempionatyň rekordyny täzeledi. Bu ugurda ozalky rekord karýerasyny Real Sosiedadda geçiren Huan Antonio Larranýaga degişlidi. Iniaki Williams soňky gezek 2016-njy ýylyň aprelinde meýdança çykmandy.
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
1 комментарий