Taryhy duşuşykda ýeňiş gazanan bolmady
Angliýanyň çempionatynda sanawyň 1-2-nji orunlaryndaky iki toparyň – Liwerpul bilen Mançester Sitiniň duşuşygy diýseň çekeleşikli geçip, ýatdan çykmajak oýunlaryň biri boldy. Birinji ýarymy golsuz geçen oýunda Liwerpul 2 gezek öňe geçse-de Siti ikisine-de jogap bermegi başardy. Soňky ýyllaryň iň ýatda galyjy duşuşyklaryň biri hökmünde hasaba alnan oýunda Liwerpulyň gollaryny Mane bilen Salah, Sitiniň gollaryny-da Foden bilen De Bruýne geçirdi. Bu deňlikden soň, iki topar hem bir orun aşak düşdi.
Mançester bilen Liwerpul şäherleriniň beýleki iki klubunyň – Mançester Ýunaýted bilen Ewertonyň arasyndaky oýunda ýeňiş gazanan bolmady (Marsial 43 – Tawnsend 65). Duşuşykda Kristiano Ronaldo Premier Ligadaky 200-nji duşuşygyny oýnady.
Öz meýdançasynda Southemptony soňky minutlarda geçiren gollary bilen 3-1 ýeňen Çelsi sanawyň täze lideri boldy.
Möwsüme şowly başlan Tottenham öz meýdançasynda Aston Willany Hýoýberg hem-de Targettiň (ö.d.) gollary bilen 2-1 ýeňip, 3 tapgyrdan soň 4-nji ýeňşini gazandy.

[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет